Senagat enjamlaryny gurnamak we tehniki taýdan ulanmak (nebit-gaz pudagynda)

Hünär: Senagat enjamlaryny gurnamak we tehniki  taýdan ulanmak  (nebit-gaz pudagynda)
Kär: Tehnik-mehanik

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakyndaky Permanyny, şeýle hem içeri we daşary syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça ýurt derejesinde ägirt uly işler alnyp barylýar. 
Senagat taýdan ösen ýurtlaryň içerki dolanyşygyndaky önümleriň ýarysyndan gowragy kebşirleme we şoňa ýakyn tehnologiýalary ulanmak bilen öndürilýär. Nebit-gaz pudagynyň senagat enjamlaryny gurnamak we tehniki taýdan ulanmak boýunça peýdalanylýan önümçilik tehnalogiýasynda işleşmek boýunça tehnik-mehanik kärli hünärmenleriň nebit-gaz pudagynda kebşirlemäniň dürli görnüşleri bilen sowadyjy ulgamlar bilen işleýän enjamlary gurnamaklygy we tehniki taýdan ulanmagy başarýan hünärmenler, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň we nebit-gaz pudagynyň ösmegine uly goşandyny goşarlar.
Hünärmen “Senagat enjamlaryny gurnamak we tehniki taýdan ulanmak” (nebit-gaz pudagynda) hünäri boýunça peýdalanylýan önümçilik tehnologiýasyny, kebşirleme, turbageçiriji, sowadyjy we ýylylyk ulgamlarynyň enjamlaryny we olaryň ýygnalyşynyň hem-de ulanylyşynyň tehnologiýasyny we şol ugurdaky ylmy işler üçin edilýän talaplary öz hünär taýýarlygy bilen ödemelidir. 
Hünärmen önümçilik kärhanalarynda, ylmy edaralarda orta hünär bilimli hünärmenlere niýetlenen wezipeleri eýeläp biler.

Paýlaş

Salgymyz:

Mary şäheri, Kemine köçesi, 33

33ул. Кемине, г. Мары
Mary, Kemine street, 33

Telefon belgiler:
(8-522) 4-66-65