Hünarler
Bölümçeler we sahypalar
Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit
Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde täze “Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit” hünäriniň açylmagynyň Esaslandyrmasy 1. Türkmenistanda amala aşyrylýan ykdysady, medeni we durmuş özgertmeleriniň netijesini nazarda tutup, “Bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä ýüzünde durmuş-ykdysady taýdan barha ösýän, ägirt uly mümkinçilikleri bolan, islendik wezipeleri çözmäge ukyply, kuwwatly häzirki zaman döwleti hökmünde giňden tanalýar” diýip, ýurdumyzda amala aşyrylýan taryhy özgertmelere Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn uly baha berýär. Buhgalter hasaby tutuş adamzat jemgyýetiniň ösmegi bilen many we mazmun taýdan özgerýär, has işjeň häsiýete eýe bolup, onuň ösmegine edýän täsiri gitdigiçe artýar. Türkmenistanda hem buhgalter hasabynyň aýratyn ösüş taryhynyň barlygyny belläp geçmek zerurdyr. 2007-nji ýyldan başlap Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady-durmuş syýasatynyň amala aşyrylmagy netijesinde Türkmenistanyň ykdysadyýeti has çalt depginler bilen ösüp başlady. Türkmenistanda buhgalter hasabyny maliýe hasabatynyň halkara standartlaryna laýyklykda özgertmekligiň zerurlygy döredi. Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen buhgalter hasaby we audit boýunça uly özgertmeler geçirilip başlandy. 2010-njy ýylyň 9-njy iýulynda “Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşy we auditi özgertmegiň maksatnamasy hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary kabul edildi. Bu karara laýyklykda bolsa Türkmenistanda buhgalter hasabynyň kanunçylyk esaslary kämilleşdirildi, buhgalter hasabynyň, auditiň resminamalary halkara standartlaryna laýyk getirildi, halkara standartlaryna laýyk gelýän maliýe hasabatynyň milli standartlary işlenip düzüldi we tassyklandy. 2019-njy ýyldan başlap edara-kärhanalaryň buhgalteriýa bölümlerinde Maliýe hasabatynyň halkara standartlary ornaşdyryldy. “Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit” hünäriniň esasy maksady talyplara hasap işiniň esasy görnüşleriniň mazmunyny, hasap işini ýerine ýetirmegiň düzgünlerini, usullaryny, kanunlaryny we hasap işini kämilleşdirmek boýunça ýörite görkezmeleriň esasynda alyp barmagy, maliýe hasabatyndaky maglumatlaryň dogrylygyna, edara görnüşli taraplarda emlägiň, pul serişdeleriniň ulanylyşyna, täjirçilik işleriniň we maýa goýumlarynyň geçirilişi baradaky maglumatlara gözegçiligi üpjün etmegi öwretmekden ybaratdyr. Sanly tehnologiýalar bilen kämilleşdirilen buhgalter we audit hyzmatlaryna ykdysadyýetiň we jemgyýetiň islegleriniň barha artmagy, telekeçiligiň we edara kärhanalaryň çalt depginde ösmegi üçin täze mümkinçilikler açýar we ýurtda täze iş orunlarynyň döredilmeginiň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Iş üpjünçilik ulgamynyň kämilleşdirilmegi bolsa ilatyň maddy-hal ýagdaýynyň gowulanmagyna we durmuş abadançylygynyň ýokarlanmagyna getirýär. 2. Häzirki zaman ykdysadyýetiniň sanly ulgama geçmegi bilen, üýtgäp durýan zähmet bazarynda döwlet sektorlarynda we hususy sektorlarda hem düýpli özgerşikler ýüze çykýar. Sanly ykdysadyýete geçilmegi maýa goýum işjeňligini ösdürmekde, döwlet dolandyrylyşynyň öňde baryjy usullaryny ornaşdyrmakda, hem-de täze iş orunlaryny döretmekde maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ähli pudaklaryň işiniň netijeligini ýokarlandyrmakda üstünlikli ädimleriň biridir. Telekeçilik işinde maddy, material we maliýe serişdelerine zerurlygyň bolşy ýaly zähmet serişdelerine, ýagny işgärlere hem zerurlyk ýüze çykýar. Telekeçilik işi ykdysadyýetde täze iş orunlaryny döretmäge, daşary ýurtlarda öndürilýän harytlaryň ornuny çalyşýan we eksporta gönükdirilen önümçilikleri öndürmäge itergi berýär. Telekeçilik işinde ýaşlara goldawyň berilmegi işgärleriniň aglaba böleginiň ýaş hünärmenlerden düzülmegine getirdi. Häzirki wagtda ýurdumyzda hususy kärhanalaryň ýyl saýyn sanynyň artmagy bilen kärhanalaryň ykdysadyýet, hasabat-buhgalteriýa bölümlerinde täze iş orunlary döreýär. Iş orunlarynyň artmagy bolsa bu ugurda işlejek, döwrebap buhgalterçilik hasaba alnyşyndan, auditden we sanly tehnologiýalaryndan baş çykarýan hünärmenlere bolan islegi artdyrýar. 3. Şu kär Türkmenistanyň orta hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatoryna laýyklykda orta hünär okuw mekdeplerinde “Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit” hünäri boýunça taýýarlanylar. Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde hünärmenlere Watanyna wepaly, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň talaplaryna laýyklykda, hasaplama geçirmegi, buhgalteriýanyň nazaryýeti, her bir pudaga degişli usuly, kadalaşdyryjy we gollanma resminamalary ýöretmegi, buhgalter hasabynyň görnüşleri we usullary, buhgalter hasabynyň we maliýe hasabatlylygynyň halkara we milli standartlarynyň aýratynlyklary, buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we maliýe hasabatlylygynyň netijesini kompýuter programmalarynyň üsti bilen resmileşdirmegi, kärhananyň maddy gymmatlyklaryny, serişdelerini tükellemegi we gözegçilikde saklamagy, maliýe hasabatlylygy düzüp, derňew geçirmegi öwrediler. 4. Orta hünär okuw mekdebinde “Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit” hünärinden okadylmaly dersler boýunça ýokary bilimli mugallymlar bilen üpjün edilen. 5. “Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit” hünäri boýunça tamamlan hünärmen ähli pudaklarda, döwlet we hususy edara-kärhanalaryň buhgalteriýa, maliýe, gözegçi – derňew bölümlerinde, jemgyýetçilik guramalarynda, söwda toplumynda, banklarda buhgalter, edara-kärhanalarda hasabat, derňew, maliýeleşdirmek we karz işlerini alyp barýan buhgalter, zähmet we aýlyk haky boýunça buhgalter, maddy serişdeleri hasaba ykdysatçy-menejer wezipelerinde işlemek üçin taýýarlanylar. 6. Orta hünär okuw mekdebi 2-sany kompýuter, 2-sany lingafon otaglary we 5-sany interaktiw tagtaly otaglary bilen enjamlaşdyrylyp internet ulgamyndan peýdalanylýar. 7. Taýýarlygyň ugry boýunça hünärmenlere «Buhgalterçilik hasaba alnyşynyň nazaryýeti», «Ykdysady hukuk», «Dolandyryş ykdysadyýeti», «Ykdysady analiz», «Buhgalterçilik dolandyryş hasaba alnyşy», «Audit», «Ykdysady meýilnamalaşdyryş we çaklaýyş», «Statistikanyň nazaryýeti» we beýleki dersler okadylar. 8. Täze açylmagy teklip edilýän hünär boýunça zerur bolan okuw kitaplary, okuw gollanmalary we serişdeler doly üpjün edilen. Şeýle hem zerur bolan okuw kitaplar we okuw gollanmalar mekdebiň içki portalyna elektron görnüşinde ýerleşdirilip, olardan talyplar sanly başarnyklaryny özleşdirmekde ýardam tapýarlar. 9. Täze açylmagy teklip edilýän hünär boýunça 32-sany talyby okuwa kabul etmeklik meýilleşdirilýär. 10. Häzirki wagtda zähmet bazarynda ykdysatçy-menejerlere bolan isleg barha beýgelýär. Muňa mysal edip Mary welaýatynyň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň, Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň, Mary welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň, Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýän “Ussat audit” hususy kärhanasynyň, Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde ýerleşýän “Ýusup-Zylyha” hususy kärhanasynyň hünärmenlere bolan zerurlyk baradaky hatlaryny görkezmek bolar.
Gatnaşmak
Maliýe we karz
Kär: YkdysatçyŞu kär häsiýetnamasy Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerinde “Maliýe we karz” hünäri boýunça taýýarlanylýan ykdysatçylaryň wezipelerini hem-de olaryň hünärine bildirilýän esasy talaplary kesgitleýär.Kär häsiýetnamasy hünärmenleri taýýarlamagyň meýilnamasyny işläp düzmek, taýýarlanylmaly hünärmenleriň sanyny çaklamak, olaryň düzümini delillendirmek, orta hünär okuw mekdebinde okuw-terbiýeçilik işlerini guramak, okuwyny tamamlan uçurymlaryň işlemeli ýerlerine ugradylyşyny, işe ýerleşdirilişini üpjün etmek we olaryň ýerine ýetirýän wezipeleriniň hünärlerine laýykdygyny seljermek üçin ulanylmalydyr.Hünärmeniň wezipesiHünärmen alan hünärine we kärine laýyklykda bazar gatnaşyklary şertlerinde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hasap, derňew, analiz, dolandyryş işlerini geçirmek üçin taýýarlanylýar.Hünärmen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň merkezi, welaýat we etrap bölümlerinde, dürli maksatly pul toplumlaryny dolandyrýan edaralarynda, ätiýaçlandyryş guramalarynda, dürli eýeçilik görnüşindäki kärhanalarda, biržalarda, banklaryň maliýe bölümlerinde we beýleki edaralarda orta hünär bilimli hünärmenlere niýetlenen wezipelerde işläp biler.Hünärmene bildirilýän umumy talaplarHünärmen ýokary hünär taýýarlykly, medeniýetli we salyhatly, halkyň bähbidini arap bilýän, Watanyna, halkyna, Prezidentine wepaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talaplaryna, syýasatyna dogry düşünýän we olary gyşarnyksyz durmuşa geçirmäge çalyşýan şahs bolmalydyr.Hünärmen köpçüligiň göwnüni tapmagy, oňa ýolbaşçylyk etmegi, işgärleri agzybirlik, maksadaokgunlylyk, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemegi, nazary bilimini, tejribelik endiklerini yzygiderli we üznüksiz kämilleşdirmegi, öz ugrundan toplanan ylmy maglumatlary işinde ýerlikli ulanmagy, zähmeti ylmy esasda guramagy başarmalydyr.Hünärmen düýpli ylmy we amaly taýdan taýýarlykly, hünärini kämil ele alan, öz bilimini, gözýetimini hemişe giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga çalyşýan, köpçülik bilen agzybir işlemegi başarýan şahs bolmalydyr.Hünärmen şu aşakdakylary bilmelidir:maliýe we karz gatnaşyklary boýunça ykdysady nazaryýeti;maliýe syýasatyny, pul dolanyşygyny we ykdysadyýeti kadalaşdyrmagyň usullaryny;maliýe we karz işlerini kadalaşdyrmakda ulanylýan ykdysady görkezijileri;gymmat bahaly kagyzlar bilen geçirilýän amallary;hasaplaşyk işlerini, düýpli maýa goýum işlerini maliýeleşdirmegiň ýörelgelerini;karz-pul gatnaşyklarynyň ykdysady nazaryýetini we daşary ýurt tejribesini;ykdysadyýetiň pudaklarynyň, eýeçiligiň dürli görnüşleriniň banklar bilen hasaplaşyk, karz-pul, depozit amallarynyň ýerine ýetirilişini seljermegi;bank işini kadalaşdyrýan ykdysady görkezijileri;karzyň esasy görnüşlerini, pul dolanyşygynyň aýratynlyklaryny;karz pullarynynyň resminamalaşdyrylyşynyň tertibini;karz alyjylaryň maliýe ýagdaýlarynyň seljerilişini;bank auditini;bankyň hyzmatlaryny mahabatlandyrmagyň usullaryny.Hünärmen şu aşakdakylary başarmalydyr:maliýe we karz syýasatynyň talaplaryna laýyklykda ykdysadyýeti maliýe we karz taýdan kadalaşdyrmagy;býujetiň dürli görnüşlerini işläp düzmegi we maliýe serişdelerini dolandyrmagy gurnamagy;döwletiň içki we daşky bergilerini dolandyrmagy, gymmat bahaly kagyzlary çykarmagy ýola goýmagy;býujetden daşary pul gaznalaryny dolandyrmagy;kärhanalaryň maliýe işlerini gurnamagy;býujet we maliýe meýilnamalaryny işläp düzmegi;peýda, könelme, girdeji we beýleki maliýe serişdelerini hasaplamagy;maliýe gözegçiligini ýola goýmagy;karz alyjylaryň karz pula bolan ukyplylygyny seljermegi;bankyň balansynyň düzülişini doly özleşdirmegi;bankyň aktiw amallarynyň netijeliligini gazanmagy;bankyň passiw amallaryna baha bermegi;bankyň girdejili işlemegini gazanmagy;bankyň pul dolanyşygynyň guralyşyny, pul emmisiýasyny, hojalygyň dolanyşygyna puluň goýberilişini we dolanyşykdaky pul toplumyny kadalaşdyrmagyň usullaryny;bankyň karz-pul serişdeler bazarynda hereket edişine baha bermegi;banklaryň arasyndaky habarçy, internet we beýleki aragatnaşykda töleg ulgamlaryny öwrenip, bank tejribesinde giňden ulanmagy;banklarda kabul edilen düzgünnamalaryň esasynda zerur bolan ykdysady resminamalary taýýarlamagy.Kär häsiýetnamasynyň ähli şertlerini şu hünär boýunça hünärmenleri ykdysadyýetiň talaplaryna laýyklykda taýýarlaýan orta hünär okuw mekdepleri hem-de dolandyryjy guramalar gyşarnyksyz ýerine ýetirmelidirler. Häsiýetnama hünärmenleri taýýarlaýan bilim edaralarynyň, hünärmeniň hünär derejesini ýokarlandyrýan edaralaryň okuw meýilnamalaryny düzmekde esasnama we iş ýazgysy bolup hyzmat etmelidir.Kär häsiýetnamasyna ylmyň gazananlaryna esaslanýan üýtgetmeler we goşmaçalar diňe Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ylalaşmagy esasynda girizilip bilner.
Gatnaşmak
Ykdysadyýet we buhgalterçilik hasaba alnyşy
Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde täze “Ykdysadyýet we buhgalterçilik hasaba alnyşy” hünäriniň açylmagynyň Esaslandyrmasy 1. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bazar ykdysadyýetiniň ýörelgeleri esasynda ösüşiň täze belentliklerine ynamly barýan milli ykdysadyýetimiziň ösüşini dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine ýetirmek ýurdumyzyň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bu ugra aýratyn ähmiýet berilýär. Bazar gatnaşyklaryny ornaşdyrmak, ýerlikli peýdalanmak we yzygiderli kämilleşdirmek boýunça zerur bolan şertler döredilýär we ösdürilýär. Türkmenistan döwleti Garaşsyzlyga eýe bolanyndan soňra, bazar gatnaşyklaryna esaslanýan ykdysady ösüş ýoluny saýlap aldy. Bazar ykdysadyýeti bolsa hemişe iki çägiň arasynda hereket edýär we olara daýanýar. Bu iki çägiň biri haryt, beýlekisi bolsa puldur. Pul we haryt bazar ykdysadyýetiniň özenidir we maýasydyr. Puluň we harytlaryň hereketiniň hasaby bolsa buhgalter hasabyna esaslanýar. Ine, şonuň üçin hem buhgalter hasaby, bir tarapdan, munuň özi kärhananyň ykdysadyýetini dolandyrmaklygyň maglumat merkezi, ikinji tarapdan bolsa, ol ýurduň ykdysadyýetini dolandyrmaklygyň maglumat esasy bolup durýar. Bazar gatnaşyklary şertleriniň kämilleşdirilmegi edara-kärhanalaryň netijelerini artdyrmaklaryna, täze mümkinçilikleri döretmäge giň ýol açýar. Kärhanalaryň netijeli işlemekleri köplenç halatda dolandyryş işleriniň alnyp barlyşyna baglydyr. Dolandyryş işlerinde bolsa kärhanalarda buhgalterçilik hasaba alnyşyny dogry guramak we ýöretmek wajypdyr. “Ykdysadyýet we buhgalterçilik hasaba alnyşy” hünäri ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda buhgalterçilik hasaba alnyşyny dogry alyp barmak ukybyna eýe bolan, buhgalter hasabynda kärhananyň emläginiň her bir görnüşleri, olaryň hereketi we ulanylyşy barada hasaplary dogry ýöredip biljek, şeýle hem maglumat tehnologiýalaryny buhgalter hasabynyň ulgamynda giňden peýdalanyp işläp biljek ýaş hünärmenleri taýýarlamak maksadyny öňde goýýar. 2. Telekeçilik işinde maddy, material we maliýe serişdelerine zerurlygyň bolşy ýaly zähmet serişdelerine, ýagny işgärlere hem zerurlyk ýüze çykýar. Türkmenistanda telekeçilige aýratyn hem hususy telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw bermek işleri ulgamlaýyn häsiýete eýedir. Bulara ýurdumyzda telekeçiligi goldamak boýunça kabul edilýän döwlet maksatnamalary we telekeçiligiň döwlet goldawyny düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalary aýdyň şaýatlyk edýär. Telekeçilik işi ykdysadyýetde täze iş orunlaryny döretmäge, importyň ornuny çalyşýan we eksporta gönükdirilen önümçilikleri öndürmäge itergi berýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna we kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärleriniň azyndan 75%-niň ýaş raýatlardan ybarat bolmagy bu edara-kärhanalaryň Türkmenistanda ýaşlar kärhanalary diýlip ykrar edilmegine getirdi. Türkmenistanda ýaşlar kärhanalary dürli görnüşli döwlet ýeňilliklerinden peýdalanarlar. Şeýle hem häzirki wagtda ýurdumyzda hususy kärhanalaryň ýyl saýyn sanynyň artmagy bilen kärhanalaryň ykdysadyýet, hasabat-buhgalteriýa bölümlerinde täze iş orunlary döreýär. Iş orunlarynyň artmagy bolsa bu ugurda işlejek, döwrebap buhgalterçilik hasaba alnyşyndan, ykdysadyýetden we sanly tehnologiýalaryndan baş çykarýan hünärmenlere bolan islegi artdyrýar. 3. Orta hünär okuw mekdebinde “Ykdysadyýet we buhgalterçilik hasaba alnyşy” hünärinden okadylmaly dersler boýunça ýokary bilimli mugallymlar bilen üpjün edilen. 4. “Ykdysadyýet we buhgalterçilik hasaba alnyşy” hünäri boýunça talyplaryň maliýe we ykdysady pudaklarda, bank ulgamy edaralarynda, döwlet edaralarynyň ykdysadyýet we buhgalteriýa bölümlerinde önümçilik tejribeliklerini geçmekleri, hem-de dürli pudaklara işe ýollanylmagy göz öňünde tutulýar. 5. Orta hünär okuw mekdebi 2-sany kompýuter, 2-sany lingafon otaglary we 5-sany interaktiw tagtaly otaglary bilen enjamlaşdyrylyp internet ulgamyndan peýdalanylýar. 6. Täze açylmagy teklip edilýän hünär boýunça zerur bolan okuw kitaplary, okuw gollanmalary we serişdeler doly üpjün edilen. Şeýle hem zerur bolan okuw kitaplar we okuw gollanmalar mekdebiň içki portalyna elektron görnüşinde ýerleşdirilip olardan talyplar sanly başarnyklaryny özleşdirmekde ýardam tapýarlar. 7. Täze açylmagy teklip edilýän hünär boýunça 32-sany talyby okuwa kabul etmeklik meýilleşdirilýär. 8. Mary welaýat Baş bilim müdirligi, Mary welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi, Mary welaýatynyň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirligi, Mary welaýatynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi.
Gatnaşmak
Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary
Kär: YkdysatçyŞu kär häsiýetnamasy Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerinde “Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary” hünäri boýunça taýýarlanylýan ykdysatçylaryň wezipelerini hem-de olaryň hünärine bildirilýän esasy talaplary kesgitleýär.Kär häsiýetnamasy hünärmenleri taýýarlamagyň meýilnamasyny işläp düzmek, taýýarlanylmaly hünärmenleriň sanyny çaklamak, olaryň düzümini delillendirmek, orta hünär okuw-terbiýeçilik işlerini guramak, okuwyny tamamlan uçurymlaryň işlemeli ýerlerine ugradylyşyny, işe ýerleşdirilişini üpjün etmek we olaryň ýerine ýetirýän wezipeleriniň hünärlerine laýykdygyny seljermek üçin ulanylmalydyr.Hünärmeniň wezipesi Hünärmen öz alan hünärine we kärine laýyklykda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, döwlet dolandyryş edaralarynda we beýleki hojalyk edaralarynda, paýdarlar jemgyýetlerinde we hyzmat ediş kärhanalarynda meýilnamalaşdyryş, dolandyryş, hasaba alyş, seljeriş we beýleki işlerinde döwrebap tehnologiýalardan peýdalanmak, sanly ulgamy ösdürmek, sanly maglumat tehnologiýalaryndan peýdalanmak arkaly alynyp barylýan işi ýeňilleşdirilmek, elektron resminama dolanyşygyny ornaşdyrmak, mümkinçiliklerden doly peýdalanmak, häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän ýokary hilli hyzmatlary ýola goýmak bilen baglanyşykly işleri alyp barmak üçin taýýarlanylýar.Hünärmen ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, döwlet dolandyryş edaralarynda we beýleki hojalyk edaralarynda, paýdarlar jemgyýetlerinde we hyzmat ediş kärhanalarynda orta hünär bilimli hünärmenlere niýetlenen wezipelerde işläp biler.Hünärmene bildirilýän umumy talaplarHünärmen ýokary hünär taýýarlykly, medeniýetli we salyhatly, halkyň bähbidini arap bilýän, Watanyna, halkyna, Prezidentine wepaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talaplaryna, syýasatyna dogry düşünýän we olary gyşarnyksyz durmuşa geçirmäge çalyşýan şahs bolmalydyr.Hünärmen köpçüligiň göwnüni tapmagy, oňa ýolbaşçylyk etmegi, işgärleri agzybirlik, maksadaokgunlylyk, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemegi, nazary bilimini, terbiýeçilik endiklerini yzygiderli we üznüksiz kämilleşdirmegi, öz ugrundan toplanan ylmy maglumatlary işinde ýerlikli ulanmagy, zähmeti ylmy esasda guramagy başarmalydyr.Hünärmen düýpli ylmy we amaly taýdan taýýarlykly, hünärini kämil ele alan, öz bilimini, gözýetimini hemişe giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga çalyşýan, köpçülik bilen agzybir işlemegi başarýan şahs bolmalydyr.Hünärmen şu aşakdakylary bilmelidir:ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ykdysady, dolandyryş, ylmy-barlag, tehniki we tehnologiki meseleleri çözmek üçin ykdysady dersleriň esaslaryny;ýurdumyzyň ykdysadyýetini kämilleşdirmekde kabul edilýän kanunlary, maksatnamalary, konsepsiýalary;umumy we ýörite hünär boýunça göz öňünde tutulan dersleri;häzirki zaman sanly maglumat tehnologiýalarynyň üsti bilen işi alyp barmagy;ykdysady, maliýe, ylmy-tehniki we önümçilik görkezijilerini sanly maglumat tehnologiýalaryndan peýdalanak bilen özbaşdak seljermegi;ýurdumyzda bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti, halkara söwdany kämilleşdirmekde alynyp barylýan işleri we geçirilýän duşuşyklary;ýurdumyzda ösen ykdysadyýeti kemala getirmekde, elektron senagaty ösdürmekde sanly maglumat tehnologiýalaryndan doly we dogry peýdalanmaklygy;internet ulgamynyň maglumat çeşmelerinden doly we yzygiderli peýdalanmagy;häzirki zaman kompýuter we innowasion tehnologiýalaryň gurluş aýratynlyklaryny we olaryň ulanylyş netijeliligini;Hünärmen şu aşakdakylary başarmalydyr:okuwyň ähli görnüşlerini ulanyp, özüniň syýasy düşünjesini yzygiderli ýokarlandyrmagy;dolandyryş işinde kompýuter tehnologiýasyndan doly peýdalanmagy;milli we daşary ýurt dillerini erkin bilmegi, daşary ýurt dilinden hünäri boýunça peýdalanmagy;edara-kärhanalarda saklanylýan, dolandyrylýan elektron maglumat resminamalarynyň goragyny we howpsuzlygyny üpjün etmegi;ykdysady, maliýe, ylmy-tehniki we önümçilik görkezijilerini özbaşdak seljermegi, sanly maglumat tehnologiýalaryndan peýdalanmak bilen işini ýeňilleşdirmegi we wagtyny tygşytlamagy;meýilnamalaşdyryş, hasaba alyş, seljeriş we beýleki işlerde dewrebap tehnologiýalardan peýdalanmaklygy;ykdysadyýetimizi kämilleşdirmek ugrunda kabul edilýän kanunlary, maksatnamalary, konsepsiýalary yzygiderli öwrenmek bilen ýurdumyzyň ykdysady ösüşine öz goşandyny goşmagy;ylmy-tehniki ösüşiň netijesinde tehnologiýalaryň täze görnüşlerini şeýle hem internet ulgamyny önümçilikde we hyzmatlar ulgamynda giňden peýdalanmagy.Kär häsiýetnamasy şu hünär boýunça hünärmenleri taýýarlaýan orta hünär okuw mekdepleriniň hökmany suratda göz öňünde tutmaly hem-de işinde ulanmaly resminamadyr. Dolandyryş edaralary bolsa muny durmuş-ykdysady we ylmy-tehnologiýa ösüşiň talaplaryna we öňe gidişligine laýyklykda giň hünärli hünärmenleri okatmaklygy we terbiýeçiligi hemişe kämilleşdirmeklik üçin peýdalanmalydyr.Kär häsiýetnamasynyň ähli şertlerini şu hünär boýunça hünärmenleri ykdysadyýetiň talaplaryna laýyklykda taýýarlaýan orta hünär okuw mekdepleri hem-de dolandyryjy guramalar gyşarnyksyz ýerine ýetirmelidirler. Häsiýetnama hünärmenleri taýýarlaýan bilim edaralarynyň, hünärmeniň hünär derejesini ýokarlandyrýan edaralaryň okuw meýilnamalaryny düzmekde esasnama we iş ýazgysy bolup hyzmat etmelidir.Kär häsiýetnamasyna ylmyň gazananlaryna esaslanýan üýtgetmeler we goşmaçalar diňe Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ylalaşylmagy esasynda girizilip bilner.
Gatnaşmak
Sanly ykdysadyýet
Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde täze “Sanly ykdysadyýet” hünäriniň açylmagynyň Esaslandyrmasy 1. Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” we “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan” ugur alyp, häzirki zaman döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna giňden ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysadyyetiniň, dürli pudaklaryna täze innowasion tehnologiýalary, şol sanda sanly tehnologiýalary ornaşdyryp, elektron resminamalar dolanyşygyna hem-de elekron şahsyýetnamalar ulgamyna geçmek, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti, sazlaşykly işleýän elektron senagatyny döretmek, sanly aragatnaşyk babatynda, şäherleriň we obalaryň, arasyndaky tapawudy aradan aýyrmak wezipelerini öňe sürýär. Ähli ýurtlarda sanly ykdysadyýetiň geriminiň giňelmegi, ýurduň ykdysadyýetiniň barha ösmegine getirýär. Sanly tehnologiýalaryň gurluşy, maddy-tehniki, hukuk binýady döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirip, düýpli ylmy-tehniki özgertmeler, iri taslamalar durmuşa geçirilýär. “Sanly ykdysadyýet” hünäri sanly maglumatlary analiz etmek we çözgüt çykarmak ukybyna eýe bolan, dürli pudaklarda sanly tehnologiýalary işe girizip bilýän, elektron hökümet, elektron söwda we beýleki sanly platformalarda işläp biljek ýaş hünärmenleri taýýarlamak maksadyny öňde goýýar. Häzirki döwürde bazar ykdysadyýetiniň umumylaşmagy hem-de onda maglumat tehnologiýalarynyň giňden ulanylmagy esasy strategik serişde hökmünde sanly maglumatlaryň peýdalanylmagyna getirýär. Sanly hyzmatlara ykdysadyýetiň we jemgyýetiň islegleriniň barha artmagy, telekeçiligiň we edara kärhanalaryň çalt depginde ösmegi üçin täze mümkinçilikler açýar we ýurtda täze iş orunlarynyň döredilmeginiň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Iş üpjünçilik ulgamynyň kämilleşdirilmegi bolsa ilatyň maddy-hal ýagdaýynyň gowulanmagyna we durmuş abadançylygynyň ýokarlanmagyna getirýär. 2. Häzirki zaman ykdysadyýetiniň sanly ulgama geçmegi bilen, üýtgäp durýan zähmet bazarynda döwlet sektorlarynda we hususy sektorlarda hem düýpli özgerşikler ýüze çykýar. Sanly ykdysadyýet diňe bir täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny aňlatman, eýsem ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda maglumatlar bilen işlemegiň, olary seljermegiň we sanly çözgütleri ornaşdyrmagyň möhümdigini görkezýär. Bu ýagdaý zähmet bazarynyň üýtgäp durýan şertlerinde döwrebap sanly tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenlere bolan islegi artdyrýar. Sanly ykdysadyýete geçilmegi maýa goýum işjeňligini ösdürmekde, döwlet dolandyrylyşynyň öňde baryjy usullaryny ornaşdyrmakda, hem-de täze iş orunlaryny döretmekde maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ähli pudaklaryň işiniň netijeligini ýokarlandyrmakda üstünlikli ädimleriň biridir. Sanly hyzmatlar ulgamynda işleýänleriň sanynyň barha artmagy fiziki zähmetiň üsti bilen maglumatlary döretmek , gaýtadan işlemek, alyş-çalyş etmek we seljermek bilen bagly görnüşleri çalyşmaklyga giňden ýardam berýär. 3. Orta hünär okuw mekdebinde “Sanly ykdysadyýet” hünärinden okadylmaly dersler boýunça ýokary bilimli mugallymlar bilen üpjün edilen. 4. “Sanly ykdysadyýet” hünäri boýunça talyplaryň maliýe we ykdysady pudaklarda, bank ulgamy edaralarynda, döwlet edaralarynyň sanlylaşma bölümlerinde, sanly hyzmatlary hödürleýän kärhanalarda önümçilik tejribeliklerini geçmekleri, hem-de dürli pudaklara işe ýollanylmagy göz öňünde tutulýar. 5. Orta hünär okuw mekdebi 2-sany kompýuter, 2-sany lingafon otaglary we 5-sany interaktiw tagtaly otaglary bilen enjamlaşdyrylyp internet ulgamyndan peýdalanylýar. 6. Täze açylmagy teklip edilýän hünär boýunça zerur bolan okuw kitaplary, okuw gollanmalary we serişdeler doly üpjün edilen. Şeýle hem zerur bolan okuw kitaplar we okuw gollanmalar mekdebiň içki portalyna elektron görnüşinde ýerleşdirilip olardan talyplar sanly başarnyklaryny özleşdirmekde ýardam tapýarlar. 7. Täze açylmagy teklip edilýän hünär boýunça 16-sany talyby okuwa kabul etmeklik meýilleşdirilýär. 8. Mary welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi, Mary welaýatynyň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirligi, Mary welaýat Baş bilim müdirligi, Mary welaýatynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşi, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda ýerleşýän “Datly toprak” hususy kärhanasy.
Gatnaşmak
Bank işlerini programmirlemek
Kär: ykdysatçyŞu kär häsiýetnamasy Türkmenistanyň orta hünar okuw mekdeplerinde “Bank işlerini programmirlemek” hünäri boyunça taýýarlanylýan hünarmenlere bildirilýän esasy talaplary kesgitleyär.Kär häsiýetnamasy hünärmenleri taýýarlamagyň meýilnamasyny işläp düzmek, taýýarlanylmaly hünärmenleriň sanyny çaklamak, olaryň düzümini delillendirmek, orta hünär okuw mekdebinde okuw-terbiýeçilik işlerini guramak, okuwyny tamamlan uçurymlaryň işlemeli ýerlerine ugradylyşyny, işe ýerleşdirilişini üpjün etmek we olaryň ýerine ýetirýän wezipeleriniň hünärlerine laýykdygyny seljermek üçin ulanylmalydyr.Hünärmeniň wezipesiHünarmen bank ulgamynda ýerine ýetirilýän amallaryň programmalary bilen işlemek we ylmy-barlag işlerini orta hünar okuw mekdebinde alan hünarine laýyklykda amala aşyrmak üçin taýýarlanylýar.Hünärmen ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, bank we maliye ulgamlarynda, paýdarlar jemgyýetlerinde, onümçilik we hyzmat ediş kärhanalarynda, hojalyk birlikleriniň sanawynda orta hünar bilimli hünarmenlere niýetlenen wezipelerde işläp biler.Hünärmene bildirilýän umumy talaplarHünärmen ýokary hünär taýýarlykly, medeniýetli we salyhatly, halkyň bähbidini arap bilýän, Watanyna, halkyna, Hormatly Prezidentine wepaly. Berkarar dowletiň Bagtyýarlyk dowrüniň talaplaryna, syýasatyna dogry düşinýän we olary gyşarnyksyz durmuşa geçirmäge çalyşýan şahs bolmalydyr.Hünärmen köpçüligiň gownüni tapmagy, ona yolbaşçylyk etmegi, işgärleri agzybirlik, maksada okgunlylyk, watansoyüjilik ruhunda terbiýelemegi, nazary bilimini, tejribelik endiklerini yzygiderli we uznüksiz kämilleşdirmegi, öz ugrundan toplanan ylmy maglumatlary işine ýeterlikli ulanmagy, zähmeti ylmy esasdaguramagy başarmakdyrHünärmen oniimçilige taýarlykly, hünärini kämil ele alan, oz bilimini, gozyetimini hemişe giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga çalyşýan, köpçülik bilen agzybir işlemegi başarýan şahs bolmalydyr.Hünärmen şu aşakdakylary bilmelidir:Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny;Mikro we makroykdysady seljermäni geçirmegi;Dolandyryşda yüze çykyan ykdysady meselelere düşünmegi, seljermegi we olary çözmek üçin umumy ykdysady nazarýetiniň esaslaryny;Hasaplaşyk işlerini, düypli maya goýum işlerini maliyeleşdirmegiň ýörelgelerini;Bank ulgamynyn işleriniň howpsuzlygyny üpjün etmekligi;Umumy bank ulgamy bilen baglanyşykly dersleri, ýagny Türkmenistanyň durmuş-ykdysady osüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy, bank maglumatlarynyň awtomatlaşdyrylan ulgamy, bank maglumatlarynyň binýady we maglumatlar toplumy, bank işi we banklar, bank amallary, programmirlemegiň esaslary, maliýe hasabatynyň halkara standartlary, kiber howpsuzlyk, operasion ulgamlar we programma üpjünçiligi;Ykdysady taýdan esaslandyrylan hojalyk we guramaçylyk çözgütlerini işläp taýarlamagy we kabul etmegi;Ykdysadyyetiň pudaklarynda we kärhanalarda onümçiligiň guralyşy, dolandyrylyşy hem-de onümçiligi ykdysady-matematiki taydan modelleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleri çözmegiň nazaryýet we amaly esaslaryna degişli ýörite dersleri;Kompýuter tehnologiýasynyň we halkara işewürliginiň, hojalyk hukugynyň, zahmeti guramagyň hem-de daşky gurşawy goramagyň esaslaryny.Hünärmen şu aşakdakylary başarmalydyr:Bank maglumatlarynyň seljermesi esasynda meyilnama boyunça degişli çözgütleri tapmagy;Pul-karz dolanyşygynyň, süyşürintgiler işiniň maglumatlary boyunça seljeriş işlerini geçmegi;Maglumatlary we hasabatlary takyk we öz wagtynda ýerine yetirmegi;Banklarda onümçiligiň ösüşiniň maliye-ykdysady we tehniki- ykdysady gorkezijilerini seljermegi;Önümçiligiň tebigy we maddy serişdelerini tygşytly hem-de netijeli peydalanmagyn çärelerini işläp duzmegi;Taslamalary dolandyrmagy we maýa goyumlaryň tehniki- ykdysady esaslandyrmalaryny taýýarlamagy hem-de olara baha bermegi;Dolandyryş işinde onumçiligi osdülrmegiň meýilnamasyny işläp duzmegi, hojalyk çözgütlerini taýýarlamagy, olaryň ýerine yetirilişini guramagy;Bankyň daşary ykdysady işiniň netijeliligini kesgitlemegi;Bankyň balansynyň düzülişini doly özlezdirmegiBankyň passiw amallaryna baha bermegi we aktiw amallarynyň netijeliligini gazanmagy;Banklaryň arasyndaky habary, internet we beýleki aragatnaşykda töleg ulgamlaryny öwrenip bank tejribesinde giňden ulanmagy;Kär häsiýetnamasynyň ähli şertlerini şu hünär boýunça hünärmenleri taýýarlaýan orta hünär okuw mekdebi hem-de dolandyryjy guramalar gyşarnyksyz ýerine ýetirmelidir. Häsiýetnama hünärmenleri taýýarlaýan bilim edaralarynyň, hünärmeniň hünär derejesini ýokarlandyrýan edaralaryň okuw meýilnamasyny düzmekde esasnama we iş ýazgysy bolup hyzmat etmelidir.Kär häsiýetnamasyna ylmyň we tehnikanyň gazananlaryna esaslanan üýtgetmeler we goşmaçalar diňe Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ylalaşmagy esasynda girizilip bilner.
Gatnaşmak