TM RU EN
Logo

Mary nebitgaz

orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany
HÜNÄRLER

Maglumatlary işläp taýýarlamagyň we dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlary

Hünärmen awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamlary, maglumat gorlary we torlary ulgamynda önümçilik-tehnologiki, guramaçylyk-dolandyryş, taslama we ylmy-barlag işlerini alyp barmak üçin taýýarlanylýar. Hünärmen awtomatlaşdyryş bölümlerde, banklaryň maglumat bölümlerinde, korporasiyalarda, zawodlaryň, konstruktorçylyk býurolarynda, döwlet ygtyýarlygyndaky guramalarda, kompyuter torlarynyň we maglumat ulgamlarynyň gatnaşygyny, awtomatikanyň serişdelerini taslamak we gurnamak bilen meşgullanýan firmalarda işlemäge niyetlenendir.

Şonuň, ýaly hem ýaş hünärmenler ylmy-önümçilik, derňew-barlag guramalarynda, pudagara häsiýetli ylmy-barlag işlerinde, bilelikdäki kärhanalarda, gurluşyk-gurnama edaralarynda orta hünär bilimli hünärmenler üçin göz öňünde tutulan wezipelerde işläp bilerler.

Hünärmen ýokary taýýarlykly, medeniýetli we salyhatly, halkyň bähbidini arap bilýän, Watanyna, halkyna, Prezidentine  wepaly we ýurdyň içeri we daşary syýasatlaryna dogry düşünýän we olary gyşarnyksyz durmuşa geçirip bilýän şahsyýet bolmalydyr. 

Hünärmen köpçüligiň göwnüni tapmagy, oňa ýolbaşçylyk etmegi işgärleri agzybirlik, maksadaokgunlylyk, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemegi, nazary bilimini, tejribelik endiklerini yzygiderli we üznüksiz kämilleşdirmegi, öz ugry boýunça toplanan ylmy maglumatlary işinde ýerlikli ulanmagy, zähmeti ylmy esasda guramagy başarmalydyr.

Hünärmen düýpli ylmy we amaly taýdan taýýarlykly, hünärini kämil ele alan, öz bilimini, gözýetimini hemişe giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga çalyşýan, köpçülik bilen agzybir işlemegi başarýan şahs bolmalydyr.