TM RU EN
Logo

Mary nebitgaz

orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany
HÜNÄRLER

Kompýuter ulgamlary we toplumlary

Hünärmen “Kompýuter ulgamlary we toplumlary” hünäri boýunça peýdalanylýan önümçilik tehnologiýalaryny, programmalaşdyrma, aragatnaşyk (network) bütin dünýä toryna birikmek we kommunikasiýa ulgamlarynyň enjamlaryny we olaryň ýygnalşynyň hem-de ulanylyşynyň tehnologiýasyny we şol ugurdaky ylmy  işleri üçin edilýän talaplary öz hünär taýýarlygy bilen ödemelidir.

Hünärmen önümçilik kärhanalarynda, ylmy edaralarda orta hünär bilimli hünärmenlere niýetlenen wezipeleri eýeläp biler.

Hünärmen ýokary taýýarlykly, medeniýetli we salyhatly, halkyň bähbidini arap bilýän, Watanyna, halkyna, Prezidentine  wepaly we ýurdyň içeri we daşary syýasatlaryna dogry düşünýän we olary gyşarnyksyz durmuşa geçirip bilýän şahsyýet bolmalydyr. 

Hünärmen köpçüligiň göwnüni tapmagy, oňa ýolbaşçylyk etmegi işgärleri agzybirlik, maksadaokgunlylyk, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemegi, nazary bilimini, tejribelik endiklerini yzygiderli we üznüksiz kämilleşdirmegi, öz ugry boýunça toplanan ylmy maglumatlary işinde ýerlikli ulanmagy, zähmeti ylmy esasda guramagy başarmalydyr.

Hünärmen düýpli ylmy we amaly taýdan taýýarlykly, hünärini kämil ele alan, öz bilimini, gözýetimini hemişe giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga çalyşýan, köpçülik bilen agzybir işlemegi başarýan şahs bolmalydyr.