Biz barada

 mnohom


“Türkmengaz” döwlet konserniniň garamagyndaky 
 Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebi barada
MAGLUMAT
  • Türkmenistan SSR-niň Profesional tehniki bilimi baradaky Döwlet Komitetiniň №429 buýrugy esasynda 1977-nji ýylyň 10.11 aýynda SGPTU №24 döredildi.
  • Türkmenistan SSR-niň Profesional tehniki bilimi baradaly Döwlet Komitetiniň №327 buýrugy esasynda 03.08.1984-nji ýylda SGPTU №24, SGPTU №32-ä öwrüldi, ştampy we möhri çalşyldy.
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň 05.08.1997-nji ýylda №3281 belgili karary we “Türkmengaz” döwlet konserniniň 11.08.1997-nji ýylda №78 belgili buýrugy we “Marygazçykaryş” dolandyryş edarasynyň 14.08.1997-nji ýyl №183 belgili buýrugy esasynda “Senet” döwlet birleşiginiň işiniň bes edilendigi sebäpli, Pudakara okuw merkeziniň Hünärment taýýarlamak baradaky №32 mekdebi “Marygazçykaryş” dolandyryş edarasynyň düzümine geçirildi.
  • “Türkmengaz” döwlet konserniniň 11.02.1998-nji ýyldaky №17 belgili buýrugyy esasynda ozalky Hünärment taýýarlamak baradaky №32 mekdebi, №3 Tehniki liseý diýip atlandyryldy.
  • “Türkmengaz” döwlet konserniniň 22.12.2001-nji ýyldaky №101 belgili buýrugy esasynda okuw jaýlarynyň atlaryny millileşdirmek we tertip belgilerini kadalaşdyrmak maksady bilen ozalky №3 Tehniki liseýi 1-nji Hünärment mekdebi diýip atlandyryldy.
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň 25.06.2010-njy ýylyň 11106 belgili karary esasynda we “Türkmengaz” Döwlet konserniniň 29.07.2010-njy ýyldaky №155 belgili buýrugy esasynda, 1-nji Hünärment mekdebiniň ady we tertip belgisi “Türkmengaz” döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebi diýip atlandyryldy.
“Türkmengaz” döwlet konserniniň garamagyndaky Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinda işleýän işgärler 155 sany bolup, olardan: ýolbaşçy -12 sany, hünärmen -12 sany, mugallym- 73 sany, önümçilik ussasy-17 sany, gullukçy-9 sany, tehniki işgär -32 sany.
“Türkmengaz” döwlet konserniniň garamagyndaky Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde 5 sany okuw binasy, 250 orunlyk 1 sany umumy ýaşaýyş jaýy, 150 orunlyk aktlar zaly, 50 orunlyk kiçi mejlisler zaly, 120 orunlyk naharhana ýerleşýär. Mekdebiň umumy tutýan meýdany 4.125 ga.
“Türkmengaz” döwlet konserniniň garamagyndaky Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Mary şäheriniň kemine köçesiniň 33-nji jaýy.
“Türkmengaz” döwlet konserniň garamagyndaky Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde orta hünär bilimi we başlangyç hünär bilimi bölümlerde iki okuw tapgyrda okuwlar alynyp barylýar. Her okuw tapgyrynda 1500 sany talyp okamaga mümkinçiligi bar. Mekdebimizde daşary ýurt (rus, iňlis) dillerini okatmak üçin 3 sany lingofon otaglary döredildi. Iňlis, rus dili okuw otaglarynyň her haýsynda 25 sany talyp oturdyp sapak geçmäge mümkinçiligi bar.
Sport meýdançalary 4 sany bolup, olardan:
  • Kiçi açyk gandbol meýdançasy bolup, 25 sany talyp bilen sapak geçmäge mümkinçiligi bar;
  • Ýapyk woleýbol meýdançasy, 140 tomaşaça niýetlenen;
  • Ýapyk basketbol meýdançasy bolup,  25 sany talyp bilen sapak geçmäge mümkinçiligi bar;
  • Uly açyk futbol meýdançasy, 460 tomaşaça niýetlenen;
Mekdebimiziň kitaphanasynda jemi 13800-den gowurak kitaplar bar. Okuwlar tölegli esasynda okadylýar.
Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebi 2020 – nji ýylyň fewral aýynda goşmaça täze okuw binasy ulanylmaga berildi. Biziň okuw mekdebimiziň ähli okuw otaglary multimediýa tagtalary bilen üpjün edilen we umumy, amaly, tejribe we söhbet sagatlaryny okatmaga doly mümkinçilikler bar.

Salgymyz:

Mary şäheri, Kemine köçesi, 33

33ул. Кемине, г. Мары
Mary, Kemine street, 33

Telefon belgiler:
(8-522) 4-66-65