Elektroenergetiki ulgamlaryň awtomatizasiýasy we rele goragy

Hünär: Elektroenergetiki  ulgamlaryň awtomatizasiýasy we rele goragy
Kär: Awtomatlaşdyrmak boýunça tehnik-elektrik 

Hormatly Prezidentimiz senagatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan energetika pudagy babatda uly işler alyp barýar. Ýurdumyzda gurulýan we guruljak stansiýalaryň, podstansiýalaryň sany günsaýyn artýar. 
“Elektroenergetiki ulgamlaryň awtomatizasiýasy we rele goragy” hünäri nebit-gaz pudagynyň zawodlarynda we energetika pudagynda  awtomatlaşdyrmak boýunça tehnik-elektrik käri boýunça hünärmen  taýýarlamagyň maksady.
- Sanly ykdysadyýetine geçilmegi bilen, önümçiligi dolandyrmak;
- häzirki zaman, öňdebaryjy tehnologiýalary ulanyp, energiýany tygşytlamak;
“Elektroenergetiki  ulgamlaryň awtomatizasiýasy  we rele goragy” hünäri boýunça rele gorag we awtomatika serişdelerinden baş çykarýan, paýlaýjy gurluşlaryň, podstansiýalaryň güýç enjamlaryny we rele goragynyň gurluşlaryny gurnap, sazlap we synagdan geçirip, elektroenergetiki  ulgamlaryň awtomatizasiýasy we rele goragy boýunça gurluşlarynyň iş düzgünlerini hasaplap, elektroenergetiki ulgamlarda ýüze çykýan meseleleri başarnykly çözüp, olardan baş çykaryp bilmelidir.  
Hünärmen elektrik stansiýalarda, podstansiýalarda we beýleki senagat kärhanalarynda, nebit-gaz känlerini özleşdirmekde we ulanmakda peýdalanylýan önümçilik tehnologiýasyny, önümleri almaklygyň enjamlaryny we olaryň ýygnalyşynyň tehnologiýasyny hem-de iberilişini we şol ugurdaky ylmy işler üçin edilýän talaplary öz hünär taýýarlygy  bilen ödemelidir. Hünärmen önümçilik kärhanalarynda, ylmy-barlag edaralarda orta hünär bilimli hünärmenlere niýetlenen wezipeleri eýeläp biler.
 

Paýlaş

Salgymyz:

Mary şäheri, Kemine köçesi, 33

33ул. Кемине, г. Мары
Mary, Kemine street, 33

Telefon belgiler:
(8-522) 4-66-65