Maglumat ulgamlary

Hünär: Maglumat ulgamlary (nebit-gaz pudagynda)
Kär: Maglumat ulgamlary boýunça tehnik

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet adam üçindir!“ diýen syýasatynyň esasynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler Türkmenistanyň öňünde täze mümkinçilikleri we sepgitleri açýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzda ylyma, bilime berilýän üns barha güýçlenýär. Ata Watanymyzy mundan beýläk hem ösdürmek üçin ylymly, bilimli, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan baş çykarýan hünärmenleriň, ýaş alymlaryň bolmagy zerurdyr. 
Biz ylmy tehnikanyň rewolýusiýasynyň,  önümçiligiň, halk hojalygynyň giňden awtomatlaşdyrylýan döwrinde ýaşaýarys. Häzirki döwürde ykdysady durmuş meseleleri çözmegi, kuwwatly hasaplaýyş serişdesi bolan kompýutersiz amala aşyrmak mümkin däldir. 
Hünärmen “Maglumat ulgamlary” (nebit-gaz pudagynda) hünäri boýunça peýdalanylýan önümçilik tehnologiýalaryny, programmalaşdyrma, aragatnaşyk (network) bütindünýä toruna birikmek we kommunikasiýa ulgamlarynyň enjamlaryny we olaryň ýygnalyşynyň hem-de ulanylyşynyň tehnologiýasyny we şol ugurdaky ylmy  işler üçin edilýän talaplary öz hünär taýýarlygy bilen ödemelidir.
Hünärmen önümçilik kärhanalarynda, ylmy edaralarda orta hünär bilimli hünärmenlere niýetlenen wezipeleri eýeläp biler.
 

Paýlaş

Salgymyz:

Mary şäheri, Kemine köçesi, 33

33ул. Кемине, г. Мары
Mary, Kemine street, 33

Telefon belgiler:
(8-522) 4-66-65