Kitaphana
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bolup geçýän uly ösüşler, hususan-da ylym, bilim we medeniýet ulgamlaryndaky özgertmeler ýurdumyzyň kitaphanalarynyň işine öz täsirini ýetirýär we olaryň işini täzeçe guramagyň depginlerini yzygiderli güýçlendirmegi talap edýär. Döwletiň ösmeginde, özgermeginde kitaphanalar ähli ruhy baýlyklary we gymmatlyklary özünde jemlemek bilen, türkmen halkynyň bagtyýarlyk döwründe milletiň ruhy baýlygyny döretmekde möhüm orny eýeleýär. Gahryman Arkadagymyz Watanynyzyň ähli raýatlarynyň peýdalanmagy hem-de ýaşlaryň bilim derejelerini artdyrmaklygy üçin ýurdumyzyň ähli kitaphanalarynda kitaplaryň we gazet – žurnallaryň sanly elektron ulgamyny ornaşdyrmagy özüniň oňyn netijesini berýär. Ýurdymyzyň kitaphanalarda kitaplaryň baý gorlarynyň bolmagy olardan ýaşlarymyzyň peýdalanmagy netijesinde olarda sadalyk, päklik, mähribanlyk, sahawatlylyk, sowatlylyk, hoşniýetlilik, watanperwerlik, ýurdumyzyň saýlap alan ösüş ýoluna wepalylyk duýgularyny oýarmakda, döwletimiziň ylym, bilim, medeniýet ulgamlarynda alnyp barylýan syýasaty durmuşa geçirmäge gatnaşmakda kitaphanalaryň mümkinçilikleri çäksizdir.
“Türkmengaz” döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň kitaphanasy öz öňünde goýlan maksatlary talabalaýyk we ýokary derejede guramak boýunça tutanýerli işleri alyp barýar. Häzirki wagtda bilim ojagymyzyň merkezi bolan kitaphanamyzda jemi okuw kitaplaryň we gollanmalaryň 14783 sanysy bar. Olardan 12343 sanysy okuw kitaplary we gollanmalary, 2440 sanysy çeper edebiýatlar bolup durýar. Mundan başgada ýurdumyzda çapdan çykýan gazet – žurnalaryň sanlarynyň saklanmagy mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň goşmaça peýdalanmaklygyna uly ýardam berýär.