Duşuşyk geçirildi
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim-ylym syýasatynda uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň bilim edaralarynda sanly ulgamy giňişleýin ornaşdyrmak boýunça 2019-2025-nji ýyllar aralykdaky konsepsiýa üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýakynda, 14-nji ýanwarda Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi bilen bilelikde Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginde ýurdumyzyň bilim edaralarynda Sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen bagly duşuşyk geçirildi.
Duşuşyga Aşgabat şäheriniň Berkararlyk we Köpetdag etrap umumy bilim berýän mekdepleriň müdirleri, okuw işleri boýunça orunbasarlary şeýle hem Innowasiýa maglumat merkeziniň hünärmenleri gatnaşdylar.
Duşuşykda, Hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda çykaran 340-njy kararynyň Sanly ulgam konsepsiýasy esasynda döredilen “e-Mekdep” ulgamy hakynda we Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde 2024-nji ýylyň sentýabr aýynyň 1-ne “e-Mekdep" dolandyryş ulgamynyň işläp başlamagy dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.
Duşuşygyň ahyrynda ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynda Sanly ulgamy ornaşdyrmak ugrynda alyp barýan işlerinde Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize alkyş sözler aýdyldy.