Halajyň çeper halyçylyk kärhanasyn bir aýda 1 million 609 müň manatlykdan gowrak iş edildi
Halajyň çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçylary 2025-nji ýylyň ilkinji aýyny zähmet üstünliklerine beslediler. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, ýanwar aýynda bu ýerde 483 inedördül metr haly dokaldy. Şeýlelikde, edilen iş 1 million 609 müň 700 manatlyga barabar boldy.
Kärhanada gelin-gyzlaryň 2000-den gowragy zähmet çekýär. Geçen ýyllarda gelin-gyzlaryň 30-dan gowragy yhlasly we döredijilikli zähmetleri üçin «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ada mynasyp boldular diýlip, habarda bellenilýär.