Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti innowasion tehnologiýalar bäsleşigini geçirýär


Türkmenistanyň
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Hormatly
Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yglan eden “Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly hem-de “Ylymlar güni” mynasybetli
ýurdumyzyň 35 ýaşa çenli ähli ýaş raýatlarynyň arasynda innowasion
tehnologiýalaryň bäsleşigini yglan edýär.

Ýaşlar
bäsleşige web sahypalarynyň we programma üpjünçilikleriniň, mobil
goşundylaryň, robotlaryň, elektron enjamlaryň işjeň ýagdaýyndaky
nusgasyny, sanly we innowasion ykdysadyýetiň modellerini, hyzmatlaryň
innowasion görnüşlerini, himiki we biotehnologiýalar, kiberhowpsuzlyk we
maglumat tehnologiýalar boýunça taslamalary, oba hojalygy, lukmançylyk
we ş.m. beýleki islendik ugurlar boýunça öz işlerini we pikirlerini
hödürläp bilerler.

Teklip edilýän taslamalaryň täze pikirleriň esasynda döredilen ýa-da kämilleşdirilen bolmagy hökmanydyr.

Geçen
ýyl bu bäsleşige ýurdumyzyň ýaşlarynyň 1000-den gowragy gatnaşyp,
ýeňijiler ýörite sowgatlar bilen sylaglandy. Şu ýyl hem bäsleşik geçen
ýylky ýaly 2 tapgyrda geçirilýär. Şoňa laýyklykda I tapgyra gatnaşmaga
isleg bildirýänler öz taslamasy baradaky maglumatlary şu ýylyň 1-nji
apreline çenli Google–form
(https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLScJELqCTF5L6x_OyyV1_P_63O1E7bo4o0W4pqzpBEDfODgkyg/viewform?usp=header)
sahypasyna ýa-da oguztaslama2025@gmail.com elektron poçtasyna ýüzlenmek
arkaly hasaba durmaly.

Bäsleşige
şahsy we toparlaýyn görnüşde gatnaşmaga rugsat berilýär (toparlaýyn
görnüşde gatnaşýanlaryň adam sany 3-den köp bolmaly däldir we toparyň
ýolbaşçysy we agzalary anyk görkezilmelidir). Hasaba alnan gatnaşyjylar
taslamasyny doly görnüşde taýýarlap, onuň işjeň ýagdaýy baradaky beýany
prezentasiýa görnüşinde (mümkin bolsa goşmaça 1-3 minutlyk düşündirişli
wideo ýazgy) 2025-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli Google-form:
(https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLSdOv5nX5XMgq4nq76VdivZ630ZP865y1HjzoyxgHYrT_-3uFw/viewform?usp=dialog)
sahypasyna ýüzlenmek arkaly ýüklemeli ýa-da oguztaslama2025@gmail.com
elektron poçtasyna ibermeli.

Netijeler
2025-nji ýylyň 20-nji maýyna çenli Guramaçylyk topary tarapyndan yglan
ediler we bu barada Türkmenistanyň Oguz han adyndaky
Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň etut.edu.tm internet sahypasynda
hem-de gatnaşyjylara jaň üsti bilen ýa-da sms ugratmak arkaly habar
berler.

II
tapgyrda I tapgyryň ýeňijileri 2025-nji ýylyň 5-12-nji iýuny aralygynda
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde
gurnaljak innowasion tehnologiýalaryň sergi-bäsleşigine öz işleri bilen
gatnaşarlar. Bu sergi bäsleşigine ýurdumyzyň görnükli alymlarynyň we
öňdebaryjy telekeçileriniň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar.

Bu
tapgyryň ýeňijileri 2025-nji ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar güni
mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Türkmenistanyň Oguz
han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirýän Halkara
ylmy-amaly maslahatynyň çäklerinde gymmat bahaly sowgatlar we diplomlar
bilen sylaglanarlar (1 sany Baş baýrak, 2 sany I ýer, 3 sany II ýer, 4
sany III ýer).

Şeýle
hem, ýeňijilere Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar
uniwersiteti tarapyndan okuwa girmekde, işe ýerleşmekde zerur bolan
teklip haty (Recommendation letter) gowşurylar.

Paýlaş

Salgymyz:

Mary şäheri, Kemine köçesi, 33

33ул. Кемине, г. Мары
Mary, Kemine street, 33

Telefon belgiler:
(8-522) 4-66-65