Türkiýäniň maliýe ministri hümmetsizlenmäni ýeňmegiň aňsat bolmajakdygyny aýtdy


Türkiýäniň maliýe ministri hümmetsizlenmäni ýeňmegiň aňsat bolmajakdygyny aýtdy

Türkiýäniň
maliýe ministri Mehmet Şimşek ýurtdaky hümmetsizlenmä garşy göreşe
göwnüçökgün garaýar. Ol bu barada «TV100» teleýaýlymy bilen
söhbetdeşlikde aýtdy diýip, «Report» ýazýar.

Ministr Hökümetiň
hümmetsizlenmä garşy aýgytly göreşýändigini nygtap: «Biziň raýatlarymyz
arkaýyn bolup bilerler. Biz düýpli çözgüt agtarýarys. Dünýäniň ähli
ýurtlarynda-da hümmetsizlenmä garşy göreş wagt talap edýär» diýdi.

Paýlaş

Salgymyz:

Mary şäheri, Kemine köçesi, 33

33ул. Кемине, г. Мары
Mary, Kemine street, 33

Telefon belgiler:
(8-522) 4-66-65