Sosial torlar ýalňyzlyk duýgusyny güýçlendirýär


Amerikadaky
Beýloryň uniwersitetiniň alymlary geň netijä geldiler: adamlar sosial
torlarda näçe köp wagt geçirseler, şonça özlerini ýalňyz duýýarlar. Ylmy
barlaglaryň jemleri «Personality and Social Psychology Bulletin»
neşirinde çap edildi diýip, «caliber.az» ýazýar.

«Sanly»
endikleriň adamyň durmuşyna täsirini öwrenmek üçin alymlar topary
Niderlandlardan bolan 7 müň sany uly ýaşly internet ulanyjylar barada
soňky on ýyldaky maglumatlary öwrendiler.
Alnan
netijeler internetden işjeň we işjeň däl peýdalanmagyň adamyň ýalňyzlyk
duýgusyny ýitileşdirýändigini görkezdi. Hünärmenler adamyň sosial
talaplaryny kanagatlandyrmakda onlaýn-gatnaşygyň janly söhbetdeşligiň
ornuny tutup bilmejekdigi barada netijä geldiler.

«Sosial
torlar onlaýn-jemgyýetlere elýeterliligi teklip edýärler, emma olaryň
işjeň ýa-da seýrek ulanylmagy ýalňyzlygy azaltmaýar, gaýtam tersine
güýçlendirýär» diýip, ylmy işiniň awtory, professor Jeýms Roberts gürrüň
berýär.

Paýlaş

Salgymyz:

Mary şäheri, Kemine köçesi, 33

33ул. Кемине, г. Мары
Mary, Kemine street, 33

Telefon belgiler:
(8-522) 4-66-65