2025-nji ýylda Google möhüm üýtgetmeleri başdan geçirer


Kompaniýa
ony EA-kömekçisine meňzetmekçi. Google-yň baş direktory Sundar Piçai
emeli aňyň adamlaryň haýyşnama islegleriniň görnüşlerini giňeldýändigini
göz öňünde tutup, 2025-nji ýylyň gözleg innowasiýalary üçin iň möhüm
ýyllaryň biri boljakdygyny aýtdy.

Kompaniýanyň bu “syýahaty”
EA-maglumatlaryň girizilmegi bilen başlap, olar ulanyjylara maglumat
hödürlemek usullaryny üýtgetdiler. Gejekde gözleg ulgamy diňe bir
web-sahypalara saalgylanmalary bermän, eýsem maglumatlary seljerer we
ulanyjylaryň haýyşnamalaryna umumylaşdyrylan jogaplary hödürlär.
Haýyşnamalary işläp has takyk we peýdaly jogaplary berip biljek has
intellektual interfeýsi döretmek üçin, Google DeepMind kompaniýasy
tarapyndan işläp taýýarlanylan tehnologiýalary ulanar.

Kompaniýanyň
ýolbaşçysy onuň gözleg mümkinçilikleri hem-de olaryň Project Mariner
beýleki EA-agentiniň kömegi bilen giňeldilmegi barada anyk garaýşynyň
bardygyny belledi. Ol ulanyjynyň adyndan interfeýsiň web-sahypasy bilen
işleşip biler. Munuň özi adamlar üçin saýtlar bilen işleşmek zerurlygyny
aradan aýyrar.

Paýlaş

Salgymyz:

Mary şäheri, Kemine köçesi, 33

33ул. Кемине, г. Мары
Mary, Kemine street, 33

Telefon belgiler:
(8-522) 4-66-65