Küşt boýunça ýaşlaryň arasyndaky Türkmenistanyň çempionatynyň ýeňijileri sylaglandy
2-nji
fewraldan 9-njy fewral aralygynda Aşgabadyň Ýöriteleşdirilen küşt we
şaşka mekdebi Watanymyzyň küşt boýunça umytlaryny görkezýän küşt boýunça
ýaşlaryň arasyndaky Türkmenistanyň çempionatyny geçirdi. Bu dartgynly
ýaryşda türgenler ussatlyklaryny we strategiki pikirlenişini görkezip,
nuwgawy küşt, rapid we blits görnüşinde bäsleşdiler.
Umuman medalaryňl sanawy we ýaryşyň açylyşlary
Çempionatda
iň uly üstünlik, mümkin bolan 54 medaldan 33-sini we umumy topar
sanawynda birinji orny eýelän Lebap welaýatynyň wekilleri
tapawutlandyrlar. Toparyň hasabynda – 12 altyn, 11 kümüş we 10 bürünç
medal bar. Ikinji orny 10 medal (4 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç) bilen
Mary welaýtynyň küştçileri eýelediler, üçünji orny bolsa 9 medal (2
altyn, 4 kümüş we 3 bürünç) gazanyp Aşgabadyň küştçileri eýeledi.
Ýaryşyň
beýleki üstünlikleriniň arasynda “Küşt Älemi” küşt akademiýasy üçin
kümüş medal we Daşoguz topary üçin bürünç medaly hem bellemek bolar.
Ýaryşyň
açylyşy 14 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda nusgawy görnüşde çempion bolan
Lebaply Nurana Jumaniýazowa we 16 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda “rapid”
ýeňiş gazanan Mary welaýatyndan Begenç Öwezow diýlip ykrar edildi.
Üstünlikden bir ädim uzakda
Uly
umytlara garamazdan, käbir gatnaşyjylar öz mümkinçilikleri doly açyp
görkezip bilmediler. Rauf upusupow (FIDE reýting – 1759) 14 ýaşa çenli
oglanlaryň arasynda geçirilen nusgawy ýaryşda diňe bir bürünç medal
gazandy. Altyn medal gazanar diýip hasap edilen, 20 ýaşa çenli
Türkmenistanyň wise-çempiony Serdar Baýramow bary-ýogy bäşinji ýeri
eýeledi, ýöne rapid görnüşinde kümüş we blitsde bürünç medallary
gazandy. Geçen ýyllarda 12 we 13 ýaşa çenli Türkmenistanyň çempiony
Nebahat Myradowa 14 ýaşa çenli derejede kümüş medala mynasyp boldy.
Milli
ýygynyň tälimçileriň bellemegine görä, bu çempionatda dalaşgäleriň
şeýle “şowsuzlyklary” ýurtda çagalaryň we ýaşlaryň arasynda küşt
oýunçylarynyň sanynyň köpelendigini we olaryň arasyndaky barlyşyksyz
bäsleşigi görkezýär.
Ýygyndyda täze atlar? Kime mümkinçilik berler?
Türkmenistanyň
küşt boýunça zenanlar toparynyň baş tälimçisi Şahruh Turaýewiň
sözlerine görä, ýaryşyň netijeleri esasy toparyň düzülmegine täze
mümkinçilikler açýar. Tälimçiler toparynyň has ýakyndan gözegçilik etjek
mümkin bolan dalaşgärleriň sanawyna, ulularyň derejesinde karýerasynyň
ösüşiniň gowy dowamy bolup biljek Nurana Jumanyyazowa (14 ýaşlylaryň
derejesine çenli) we Gülmira Seýilhanowa (18 ýaşa çenli) girdi.
Bäsleşigi
guramaçylygy gatnaşyjylara birnäçe hyzmatdaş tarapyndan goldanyldy
–dogry sport iýmitlenmegi üpjün edýän “PP Green restorany”, şeýle hem
“Küşt Älemi” küşt akademiýasy, “Belet Film” onlaýn-kinoteatry,
“ALSAT.com.tm” onlaýyn-bazary, “Aýdyn Netije” maslahat beriş kompaniýasy
we “ORIENT” media-ulgamy.