NEŞIR EDILEN TÄZE OKUW KITABY


Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümizde umumybilim berýän
mekdeplerimiz üçin täze okuw kitaplarynyň, okuw gollanmalarynyň neşir
edilmegi ýaş neslimiziň döwrebap bilim almaklaryna giň mümkinçilikleri
döredýär. Ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdepleriniň
XII synpy üçin “Iňlis dili (II daşary ýurt dili)” okuw kitaby
(awtorlary: N.Öwezowa, R.Soýunowa, M.Allaberdiýewa) Türkmen döwlet
neşirýat gullugy tarapyndan neşir edildi. Bu okuw kitaby okuw dersiniň
tassyklanylan okuw maksatnamasyna laýyklykda, şeýle hem “Türkmenistanda
daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda”
kesgitlenilen daşary ýurt dillerini öwretmegiň wezipelerine hem-de
ýörelgelerine, dünýä tejribelerine esaslanyp taýýarlanyldy.

XII
synp üçin neşir edilen “Iňlis dili (II daşary ýurt dili)” okuw kitabynda
temalara laýyklykda dürli ýumuşlaryň interaktiw usullarda berilmegi,
okuwçylaryň iňlis dilini höwes bilen özleşdirmeklerine, okuw prosesiniň
bolsa netijeliligini artdyrmaga ýardam eder. Bu bolsa okuwçylaryň
geljekki durmuşynda iňlis dilinde okamak, ýazmak, erkin gürlemek ýaly
endiklerini has-da ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Paýlaş

Salgymyz:

Mary şäheri, Kemine köçesi, 33

33ул. Кемине, г. Мары
Mary, Kemine street, 33

Telefon belgiler:
(8-522) 4-66-65