Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: bilim ulgamy
Prezident
Serdar Berdimuhamedow 7-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler
Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda ýurtda yglan edilen şu
ýylky “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygarynyň Garaşsyz,
hemişelik Bitarap Türkmenistanyň abraýyny has-da ýokarlandyrmaga
gönükdirilen işleri amala aşyrmaga ruhlandyrýandygy hem-de ony durmuşa
üçin uly jogapkärçilikli işiň garaşýandygyny nygtady. Bu döwlet
edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurduň diplomatik
wekilhanalarynyň we medeniýetiň, ylymyň, bilimiň we beýleki ugurlarynyň
wekilleriniň tagallalarynyň üns merkezine gönükdirilendir.
ÝUNESKO-nyň
işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretariaty hem
bu umumy milli işe goşant goşýar. Ýakynda onuň işgärleri Türkmenistanyň
Bilim ministrligi bilen bilelikde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýyly: bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň bähbidine hyzmatdaşlyk” atly
onlaýn okuw maslahatyny geçirdi. Çärä ýurtdaky ÝUNESKO kafedralary we
klublary şeýle hem Assosirlenen mekdepleriniň toruna agza mekdepler
gatnaşdylar. Okuw maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar bilim ulgamyny
kämilleşdirmegiň bähbidine hyzmatdaşlyk babatdaky pikirleri, teklipleri
we sowallary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Okuw maslahatynda
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär
sekretary, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty, Adatdan daşary we Doly
ygtyýarly Ilçi, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa çykyş etdi. Ol
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň Türkmenistan bilen BMG-niň
arasyndaky hyzmatdaşlykda ähmiýetli üstünlikleri gazanmak üçin täze
gözýetimleri açýandygyny aýtdy. Öz çykyşynda Ç.Rüstemowa ÝUNESKO-nyň
ýörelgelerine esaslanyp alnyp barylan işleriň netijeleri, gazanylan
üstünlikler we öňde durýan wezipeler dogrusynda giňişleýin çykyş etdi.
“Ählumumy
parahatçylyga, abadançylyga, durnukly ösüşe gönükdirilen bilim
özgertmeleri”, “Türkmenistandaky ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleriniň
milli torunyň işini kämilleşdirmek we öňdebaryjy halkara tejribelerden
peýdalanmak” ýaly temalarda ýylyň şygarynyň maksadynyň mazmuny öz
beýanyny tapdy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň döwletli başlangyçlary
esasynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň taýsyz tagallalary netijesinde
ýurduň yzygiderli alyp barýan bitaraplyk syýasatyna bagyşlanan çykyşlar
diňleýjilerde uly täsir galdyrdy. Bu çäre, gatnaşyjylaryň hemmesinde
ruhlandyryjy duýgyny hem-de bilelikdäki tagallalaryň halkara
giňişliginde parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bilim hyzmatdaşlygynyň
has-da pugtalandyryljakdygyna ynamy döretdi.
ÝUNESKO-nyň işleri
barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretariatynyň işgärleri
Merkezi Aziýada «Ýaşlar derňew geçiriji ylmy işgärleri hökmünde» atly
taslamasyna gatnaşýan türkmen toparyny taýýarlamak we “Parahatçylyk we
medeniýetara dialog” atly temany ösdürmek boýunça işleri utgaşdyrýarlar.
Türkmenistanyň ylmy derňew topary alty adamdan ybarat, olaryň dördüsi –
Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara
ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady
adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we Myrat Garryýew
adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ÝUNESKO
klublaryna wekilçilik edýär.
Merkezi Aziýanyň bäş ýurdundan
ýaşlara iň möhüm durmuş we ynsanperwerlik temalary boýunça ylmy
derňewlere gatnaşmaga mümkinçilik berýän taslama gatnaşyjylar üçin
onlaýn okuwlar Almatydaky ÝUNESKO-nyň sebitleýin edarasy we onuň
hyzmatdaşlary tarapyndan geçirilýär. Eýýäm geçirilen iki okuw sapygynda,
ýaşlar saýlanan tema boýunça ylmy derňewleri netijeli geçirmek üçin
esasy usulyýet gurallaryny we tabşyryklary aldylar. Geçirilen işleriň
esasynda ýaşlaryň ýurt we dünýä üçin möhüm meseleleri çözmekde sesini
güýçlendirmek üçin döwlet edaralaryna hödürlenmegi meýilleşdirilýän
teklipler taýýarlanar.