Duşuşyk geçirildi
“Türkmengaz” döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň arasynda Mary
welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Polisiýanyň ýol gözegçilik bölüminiň
wagyz-nesihat bölümçesiniň müdüri Polisiýanyň kapitany Babaýew Toýly Täze ýyl
baýramynyň bellenýän gününde adamyň janyna we saglygyna howp salýan, güýçli ses
beriji partlaýjy serişdeleriň ýasalmagynyň, ýa-da dürli görnüşde ýasalan,
gadagan edilen şeýle serişdeleriň ulanylmagynyň getirýän agyr netijelerini düşündirmek
üçin 2022-nji ýylyň dekabr aýynyň 3-ne wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.