Okuwçylaryň arasynda goşgy we makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edildi
Okuwçylaryň arasynda goşgy we makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edildi
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly mynasybetli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda ýurduň umumybilim berýän mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda «Külli ynsan hakyna belent maksat tutany – Türkmenistan – parahatlyk, ynanyşmak Watany!» atly şygyr we makala ýazmak boýunça bäsleşik geçirilýär.
Türkmen metbugatynda berilýän habara görä, bäsleşigiň maksady ýaşlary ata-babalaryň ynsanperwer ýörelgesi esasynda milli ruhda terbiýelemekden, olaryň watansöýüjilik, agzybirlik, jebislik duýgularyny, ata Watana, merdana türkmen halkyna bolan buýsanjyny has-da ösdürmekden, okuwçylaryň döredijilik başarnyklaryny ýüze çykarmakdan ybaratdyr.
Bäsleşigiň şertleri
- döredijilik bäsleşigine awtoryň öň hiç ýerde çap edilmedik 1 şygry ýa-da makalasy «Külli ynsan hakyna belent maksat tutany – Türkmenistan – parahatlyk, ynanyşmak Watany!» atly şygyr we makala ýazmak bäsleşigine» diýen ýazgy bilen hödürlenilmeli;
- şygyrlar we makalalar ýazylanda, kompýuterde «Times New Roman» şriftinde 16-lyk ölçegde bolmaly;
- döredijilik bäsleşigine gatnaşmaga isleg bildirýän awtor baradaky maglumatlar (bäsleşige gatnaşýan mekdep okuwçylarynyň okaýan mekdebi, synpy, ýaşaýan salgysy, öý we öýjükli ykjam el telefonynyň belgileri) makalanyň ahyrynda doly görkezilmeli;
- bäsleşige hödürlenilýän şygyr ýa-da makala awtoryň okuw mekdebiniň salgysyndan ýa-da şahsy elektron salgysyndan «Güneş» žurnalynyň (gunesh_tm@sanly.tm) ýa-da Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň (turkmenuniwersitetitdu@.gmail.com) elektron salgysyna iberilmeli;
- makalalar 2025-nji ýylyň 17-njy fewralyndan 2025-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli kabul edilýär;
- bäsleşigiň netijeleri baradaky maglumatlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň resmi web saýtynda (tdu.edu.tm) ýerleşdirilýär.
Döredijilik bäsleşigine hödürlenilýän makalalar aşakdaky şertler esasynda bahalandyrylýar
- makalanyň mazmunynyň açylyp görkezilişi, maglumatlaryň takyk we aýdyň beýan edilişi;
- şygryň we makalanyň diliniň çeperçilik serişdeleriniň dogry hem ýerlikli ulanylyşy;
- şygryň we makalanyň tekstiniň grammatik hem-de stilistik taýdan sagdynlygy;
- awtoryň öz şahsy pikirlerini we garaýyşlaryny beýan edip bilişi.
Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak
- bäsleşige hödürlenen işler Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlaryndan we «Güneş» žurnalynyň redaksiýasyndan düzülen emin agzalary tarapyndan seljerilýär hem-de eminler topary tarapyndan berlen ballaryň esasynda ýeňijiler kesgitlenilýär;
- şygyr we makala bäsleşiginiň jemi boýunça Baş baýrak we 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlar bellenilýär. Emin agzalarynyň çykaran çözgüdi gutarnyklydyr.
- döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri 2025-nji ýylyň maý aýynyň birinji ongünlüginde yglan edilip, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we «Güneş»žurnalynyň redaksiýasynyň I, II, III Hormat hatlary hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiň Kärdeşler Arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanylýar.