Adaty karate boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy halkara türgenleşik ýygnanyşygynda bolar
Adaty karate boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy 2025-nji ýylyň 20-nji fewralyndan 7-nji martyna çenli Samarkant şäherinde (Özbegistan Respublikasy) halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşmak üçin saparda bolar – diýip, federasiýanyň wekili Türkmenportal saýtyna habar berdi.
Bu okuw-türgenleşik ýygnanyşygy türkmen türgenleriniň şu ýylyň maý aýynda Polşada boljak dünýä çempionatyna taýýarlygyny güýçlendirmek maksady bilen geçirilýär. Halkara ýygnanyşyklary milli ýygyndymyza möhüm dünýä ýaryşynyň öňüsyrasynda ussatlyk derejesini ýokarlandyrmaga we taktiki usullary işläp düzmäge mümkinçilik berer.