"Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy zamanasynda nebitgaz pudagynyň ösüşi" atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

“Türkmengaz” döwlet konserniniň
Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde 2022-nji ýylyň dekabr aýynyň 7-ne
Türkmenistanyň “Bitaraplygynyň
XXVII ýyllygy” we “Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň
güni” mynasybetli “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy zamanasynda
nebitgaz pudagynyň ösüşi” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu maslahata Mary
welaýatynyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyp
ýaşlary gatnaşdylar. Ylymy-amaly maslahat üç bölümçelere bölünip bölümlerde
Bitaraplygyň dünýäde tutýan orny parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmekdäki
ýörelgeleri şeýlede ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan nebitgaz pudagynyň
taryhy ösüşi, pudakda ýetilen sepgitler barada mugallymlar we talyp ýaşlar öz
taýýarlan temalary bilen çykyş etdiler. Ylmy-amaly maslahatlarynyň yzygiderli
geçirilmegi nebitgaz pudagynyň ösmegine, bilim ulgamynyň öňde goýan
wezipelerine ýetmäge giň mümkinçilikleri döredýär. 

Paýlaş

Salgymyz:

Mary şäheri, Kemine köçesi, 33

33ул. Кемине, г. Мары
Mary, Kemine street, 33

Telefon belgiler:
(8-522) 4-66-65