DÖWREBAP BILIM ÖZGERTMELERI
Ata-babalarymyzyň «Ylymsyz bir ýaşar, ylymly — müň» diýen pähimi häzirki döwürde has-da uly ähmiýete eýedir. Bu paýhasda ylym-bilimiň uly ösüşleriş ýoly bilen röwşen geljege alyp barýandygy baradaky hakykat bar. Adamzat durmuşynda gazanylan ähli üstünlikler we ýetilen belent sepgitler ylym-bilimiň miweleridir. Häzirki taryhy döwürde ýurdumyzy ösdürmegiň ylmy esaslandyrmalary täze mazmun bilen barha baýlaşdyrylýar. Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly nesilleri terbiýelemekde, Watanymyzyň halkara abraýyny belende galdyrmakda, şeýle-de ýurdumyzyň bilim kuwwatyny ýokarlandyrmakda mugallymlaryň öňünde uly wezipeler goýulýar. Ata-babalarymyzyň geçmişde bitiren beýik işleri bilen dünýä ýüzünde öçmejek yz galdyran bilimli, ylymly adamlar bolandygy aýdyň hakykatdyr.
Birnäçe beýik alymlaryň, akyldarlaryň we danalaryň, pelsepeçileriň türkmen topragynda çeken zähmeti, amala aşyran ähmiýetli işleri diňe bir türkmen halkynyň ruhy-medeni mirasy däl-de, eýsem, tutuş adamzadyň ösüşi ne goşant bolup durýar.
Beýik rus alymy Ý. E. Bertels Magtymguly Pyragynyň döredijiligini Jemşidiň jamyna meňzedipdir. Akyldar şahyrymyzyň döredijiligi örän baý bolup, söz ussadynyň edebi mirasy, akyl-paýhasa ýugrulan eserleri, adamkärçiligiň, watançylygyň, salykatlylygyň nusgasy bolup, müdimi ýaşap gelýär.
Şu ýylyň 25-nji maýynda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» kabul edildi. Resminama laýyklykda, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň esasy ugurlary we wezipeleri kesgitlendi.
Döwrebap innowasion tehnologiýalaryň, okuw-terbiýeçilik işlerinde sanlylaşdyrylan bilim ulgamynyň kemala gelmegi uly mümkinçilik hasaplanýar. Bu mümkinçilikleriň çäginde umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge degişli usulyýet toplumlary döwrebap öwüşginde innowasion çeşme bilen täze görnüşe eýe bolýar.
Bu Konsepsiýa boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň esasy ugurlarynda okuwçylaryň ýaş aýratynlyklaryna baglylykda kitap okamaga höwesiň döredilmegi, ýatdan hasaplamak endigini, ýatkeşligini, özbaşdak pikirleniş endigini ösdürmek göz öňünde tutulýar. Munuň özi esasy orta bilim derejesinde okaýanlaryň konstruktorçylyk ukybyny, öwrenijilik işjeňligini, özbaşdak pikirleniş endiklerini ösdürmekde ähmiýetli bolar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýip belleýär. Bu bildirilýän ynamy ödemäge ukyply nesilleri taýýarlamak mugallymlaryň borjudyr.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda kämil hünärmenler taýýarlanylýar. Bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, gazanylýan üstünlikler ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarýar. Bu bolsa ata Watanymyzyň geljeginiň has-da röwşen boljakdygynyň güwäsidir.
Şeker ARAZBERDIÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk
mekdebiniň mugallymy.
"Mugallymlar gazeti"
28.08.2024ý. №70