ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN TÄZE OKUW KITABY NEŞIR EDILDI


Kitap – hazyna. Onuň ähmiýetiniň nesiller üçin nä derejede ýokarydygyny türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem hemişe nygtaýar. Türkmen halky hemişe kitaba uly sarpa goýupdyr, şeýle bolmagynda hem galýar. Golaýda ýokary okuw mekdepleriniň kitaphanalarynyň gorunyň üstüne «Kliniki psihologiýa» (awtory: B.Basarow. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2024) atly täze neşir edilen okuw kitaby hem goşuldy.

«Kliniki psihologiýa» okuw kitaby ýokary okuw mekdepleriniň beden we psihiki bozulmalaryň anyklanylyşy hem-de bejerilişi bilen bagly hünärlerine niýetlenilip, onda dürli kesellere sezewar bolan adamlaryň psihologik aýratynlyklary, psihiki sökelleri anyklamagyň usullary we tärleri, psihologik hadysalaryň we psihopatologik alamatlaryň (simptomlaryň) we sindromlaryň tapawutlandyrylmalary, nähoşuň psihologiýasy, nähoşlara psihiki öňüni alyş kömeklerini bermegiň usullary hem-de psihosomatik we somato-psihiki özara täsirleriň nazary jähetleri seljerilýär. 

Okuw kitabynda «Kliniki psihologiýanyň derňew usullary», «Psihiki kadanyň we patologiýanyň kliniki ýüze çykmalary», «Akyl ýetiriş hadysalarynyň psihologik we patopsihologik häsiýetnamasy», «Indiwidual aýratynlyklaryň psihologiýasy», «Keselliniň psihologiýasy», «Bejeriş özara täsiriniň psihologiýasy», «Kadadan çykýan özüňi alyp barşyň psihologiýasy», «Kliniki psihologiýanyň ýörite bölümleri», «Psihologik maslahat, psihiki düzediş we psihiki bejerişiň esaslary» ýaly bölümler öz beýanyny tapypdyr.

Okuw kitaby, esasan, ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna niýetlenen hem bolsa, ondan psihologlar we pedagoglar, aspirantlar, doktorantlar, okuwyny magistraturada dowam edýänler zerur maglumatlary alyp bilerler.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň okuw 

kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi

Paýlaş

Salgymyz:

Mary şäheri, Kemine köçesi, 33

33ул. Кемине, г. Мары
Mary, Kemine street, 33

Telefon belgiler:
(8-522) 4-66-65