Türkmenistanda rak keselini bejerýän hassahanalar gurlar

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň
gol çeken Buýrugyna laýyklykda, türkmen wekiliýeti Halkara pul gaznasynyň we
Bütindünýä bankynyň nobatdaky ýyllyk maslahatyna we ugurdaş çärelere gatnaşmak
üçin 22 – 26-njy oktýabr aralygynda ABŞ-nyň Waşington şäherinde gulluk iş
saparynda bolýar.



Türkmen wekiliýetiniň düzüminde bolýan maliýe-bank ulgamynyň
wekilleri daşary ýurtly hyzmatdaş düzümler bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri
geçirdiler. «Saudi
Press Agency»
 gullugynyň habar bermegine görä, Yslam ösüş banky
Türkmenistanda rak keselini bejermäge ýöriteleşen üç sany döwrebap hassahananyň
gurluşygy üçin 156,3 million amerikan dollary möçberinde maliýe serişdelerini
bölüp berer. Bank tarapyndan degişli çözgüt makullanyldy.



Bellenilişi ýaly, täze, döwrebap hassahanalar ýurduň
Balkanabat, Türkmenabat we Mary şäherlerinde gurlup, olar umumylykda, 11 müň
750-den gowrak hassany kabul etmäge niýetlener. Bu baradaky ylalaşyga Yslam
ösüş bankynyň ýolbaşçysy Mohammed Al Jasser bilen Türkmenistanyň Döwlet daşary
ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň arasynda bolan
duşuşykda gol çekildi.

Paýlaş

Salgymyz:

Mary şäheri, Kemine köçesi, 33

33ул. Кемине, г. Мары
Mary, Kemine street, 33

Telefon belgiler:
(8-522) 4-66-65