“Himiýany okatmagyň usulyýetiniň döwrebap kämilleşdirilmegi we himiki tehnologiýalaryň häzirki zaman ösüşi”


Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti 2024-nji ýylyň 25-30-njy noýabrynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Aşgabat şäherinde geçiriljek himiýa dersi boýunça III halkara olimpiadasynyň çäginde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň, Himiýa institutynyň alymlarynyň, ylmy işgärleriniň gatnaşmagynda 2024-nji ýylyň  27-nji noýabrynda “Himiýany okatmagyň usulyýetiniň döwrebap kämilleşdirilmegi we himiki tehnologiýalaryň häzirki zaman ösüşi” atly halkara ylmy-amaly maslahatyny gibrid görnüşinde geçirmegi meýilleşdirýär.

Halkara ylmy-amaly maslahatynyň resmi iş dilleri - türkmen, iňlis we rus.

“Himiýany okatmagyň usulyýetiniň döwrebap kämilleşdirilmegi we himiki tehnologiýalaryň häzirki zaman ösüşi” atly halkara ylmy-amaly maslahat umumy mejlisde we 2 sany bölümde öz işini alyp barar:

I bölüm. Himiýany okatmagyň döwrebap usullary we olary kämilleşdirmegiň ýollary.

II bölüm. Täze himiýa tehnologiýalaryny işläp düzmegiň meseleleri we geljegi.

Maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler çykyşlarynyň tezislerini 2024-nji ýylyň 15-nji noýabryna çenli şu aşakdaky elektron poçta ibermeli: 

tsu.international.conference@gmail.com 

Maslahata gatnaşmak üçin çykyşlaryň gysgaça beýanlary (tezisleri) we annotasiýalary Guramaçylyk toparyna iberilmeli. Çykyşlaryň gysgaça beýanynyň möçberi 1,5 sahypadan geçmeli däl, annotasiýalaryň möçberi 0,5 sahypa çenli bolmaly. Şrifti – Times New Roman, ölçegi – 14 pt, setir arasy – 1.

Maslahatyň çykyşlarynyň gysgaça beýanlarynyň elektron ýygyndysyny taýýarlamak meýilleşdirilýär.

Halkara ylmy-amaly maslahatyna wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşyjylaryň zoom salgylanmasy goşmaça iberiler.

Maslahata daşary ýurtlardan gelýän gatnaşyjylaryň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň amatly şertleri bolan umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşamagy, naharlanmagy, şeýle-de Aşgabadyň çägindäki ýol harajatlary kabul edýän tarapyň hasabyna, Aşgabada gelmek we gitmek bilen bagly harajatlar, şeýle hem aýratyn ýagdaýda, gatnaşyjynyň myhmanhanada ýerleşmek islegi bar bolan halatynda, ugradýan tarapyň hasabyna tölener. 

Paýlaş

Salgymyz:

Mary şäheri, Kemine köçesi, 33

33ул. Кемине, г. Мары
Mary, Kemine street, 33

Telefon belgiler:
(8-522) 4-66-65