Ekologik çäre geçirildi


Ýaňy ýakynda, Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan Aşgabat şäheriniň 161-nji çagalar bakja bagynda ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesle ekologik bilm we terbiýe bermek, olaryň ekologik sowatlylygyny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen çagalar bagynda terbiýelenýän körpeler üçin ekologik çäre geçirildi. Çärede Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiň Ekologiýa we tebigatdan peýdalanmak taýýarlygyň ugrunyň talyplary tarapyndan dürli oýunlar, goşgular, aýdymlar arkaly çagalara ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsi, olaryň ýaşaýyş aýratynlyklary, dünýäde we Türkmenistanda seýrek duş gelýän ýa-da ýitip barýan görnüşleri gorap saklamagyň we dikeltmegiň ähmiýeti barada giňişleýin maglumatlar berildi. Şeýle-de, çagalara dürli otag ösümliklerine we öý haýwanlaryna ideg etmek, daş töweregi arassa saklamak boýunça amaly endikler öwredildi.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary döwlet we halkara derejesinde ekologiýa meseleleri boýunça geçirilýän dürli çärelere, bäsleşiklere yzygiderli işjeň gatnaşyp gelýärler. Uniwersitetde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler dünýä derejesinde ýokary baha eýe bolýar. Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde alnyp barylýan ekologiýa, daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklardan tygşytly peýdalanmak boýunça işleri bahalandyrýan “UI Green Metric” sanawynda hem öňdäki orunlary eýeleýär.

Paýlaş

Salgymyz:

Mary şäheri, Kemine köçesi, 33

33ул. Кемине, г. Мары
Mary, Kemine street, 33

Telefon belgiler:
(8-522) 4-66-65