Çehiýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
4-nji noýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Çehiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Lýubomir Frebortyň ýolbaşçylygynda Çehiýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň uniwersitetiň rektory O.Öwezsähedow bilen ylym-bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory O.Öwezsähedow Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk, “Açyk gapylar” syýasatyndan gözbaş alýan daşary syýasatynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürip, dünýa ýurtlary bilen ylym-bilim babatynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we giňeltmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtap geçdi.
Soňra Çehiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lýubomir Frebort öz wekilçilik edýän ýurdunyň ýokary okuw mekdepleriniň tejribelerini paýlaşmak we hyzmatdaşlyk etmek isleýändigini mälim etdi. Soňra Ilçi çykyş etmek üçin myhmanlara söz berdi. Çehiýa Respublikasynyň Pragadaky Himiýa tehnologiýasy uniwersitetiniň Biznes mekdebiniň ýolbaşçysy Lenka Şwesowa, Zlinedäki Tomaş Bati adyndaky uniwersitetiniň dolandyryş we ykdysadyýet fakultetiniň halkara gatnaşyklary boýunça dekanyň orunbasary Pržemysl Palka, Pragadaky Çeh oba hojalyk uniwersitetiniň önümçilik we ykdysadyýet fakultetiniň dekany Tomaş Şubrt, Pragadaky Çeh oba hojalyk uniwersitetiniň önümçilik we ykdysadyýet fakultetiniň bilim we pedagogiki çäreler boýunça dekanyň orunbasary Silwiýe Kobzew Kotaskowa, Pragadaky Çarlz uniwersitetiniň Sosial ylymlar fakultetiniň dosenti Professor Slawomir Horak öz çykyşlarynda wekilçilik edýän ýokary okuw mekdepleriniň taryhy, gurluşy, olarda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak babatda alnyp barylýan işler, hereket edýän fakultetler, talyplary taýýarlamagyň ugurlary bilen baglanyşykly gürrüň berdiler.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory O.Öwezsähedow daşary ýurtlardaky abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen geljekde hyzmatdaşlyk etmäge uly ähmiýet berilýändigini belläp, ýaňy-ýakynda “Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Perujanyň daşary ýurtlylar üçin uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama” gol çekilendigini ýatlap geçdi hem-de şu ugurda Çehiýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleri bilen ylym-bilim babatda hyzmatdaşlyk işleriniň has-da ýaýbaňlanjakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem, rektor 2024-nji ýylyň
25-30-njy noýabry aralygynda Himiýa boýunça III halkara olimpiadasyna we onuň bilen ugurdaş geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmak üçin Çehiýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryny we talyplaryny çagyrdy. Geljek ýylyň özi hem Türkmenistanyň başlangyjy esasynda “2025-nji – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilmegi halkara hyzmatdaşlygyň giň gerimde alnyp barylmagynyň aýdyň subutnamasydygyny aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar iki döwletiň Baştutanlaryna döwletara gatnaşyklarynda, şol sanda ylym-bilim babatynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk üçin hoşallyklaryny bildirdiler.