Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekili Fransiýanyň Lion şäherindäki halkara seminara gatnaşýar
Fransiýanyň Lion şäherinde 2024-nji ýylyň 5-7-nji noýabry aralygynda geçirilen “Resmi däl bilimi we özbaşdak öwrenilen hünär endiklerini ykrar etmek ulgamyny kämilleşdirmek” boýunça halkara seminara Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ygtyýarlylandyrmak we bilim hakynda daşary ýurt resminamalaryny ykrar etmek bölüminiň başlygy T.Gulamow gatnaşdy. Bu çäre Ýewropa Bilim Gaznasy (ÝBG) we Fransiýanyň AFPA agentligi tarapyndan guralyp, resmi däl bilimiň ykrar edilmegi boýunça dürli ýurtlaryň tejribelerini paýlaşmaga mümkinçilik berdi.
Seminaryň esasy maksady, gatnaşyjy döwletlere Fransiýanyň VAE (Валидация накопленного опыта) – “Tejribäniň ykrar edilmegi” ulgamyny tanyşdyrmak we milli ulgamlarynda bu ugurdan täze özgerişleri ornaşdyrmaga ylham bermekden ybaratdyr. Şeýle hem Fransiýanyň bu ulgamda toplanylan usullary we tejribeleri boýunça düşünjeler paýlaşylyp, gatnaşyjy ýurtlar üçin möhüm tejribeleriň alşylmagy üçin şert döredildi.
Türkmenistanda häzirki wagtda resmi däl bilimiň ykrar edilmegini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde Türkmenistanda hünär derejelerini bahalandyrmak we ykrar etmek üçin ýol kartasynyň, Milli hünär derejeler çarçuwasynyň işlenip taýýarlanylandygyny hem-de degişli kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleriň girizilmegi boýunça işleriň alnyp barylýandygyny, şeýle hem bu ugurda Türkmenistanyň Bilim we Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň güýçlendirilendigini aýtmak bolar.
Seminara Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlaryndan, şol sanda Balkan we Gündogar Ortaýer deňzi ýurtlaryndan wekiller gatnaşdy. Türkmenistanda bu seminaryň ähmiýeti ýokary bolup, halkara tejribesinden öwrenilen bilimler we pikir alyşmalar ýurdumyzda täze çemeleşmeleriň peýda bolmagyna ýol açýar.
Seminaryň ahyrynda gatnaşyjylar Fransiýanyň milli mirasy bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Ýurdumyzyň Bilim, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň wekilleriniň bu halkara çärä gatnaşmaklary, Türkmenistanda bilim ulgamynda we hünär-tehniki bilimini kämilleşdirmek işinde halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi üçin uly ädim boldy we ýurduň bilimi kämilleşdirmek tagallalaryna goşant goşdy.