Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak syýasatynyň çäklerinde halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge we has-da pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Bilim ulgamynyň işgärleriniň dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň bilim we ylym merkezlerine yzygiderli amala aşyrylýan gulluk iş saparlarynyň dowamynda dünýä tejribesi bilen tanyşmak we şol tejribäniň oňyn taraplaryny milli bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça özara pikir alyşmak, bu möhüm ugurdaky mümkinçilikleri peýdalanmagyň ýollaryny gözlemek, şeýle hem milli bilim ulgamynda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler bilen dünýä jemgyýetçiligini ýakyndan tanyşdyrmak, özara tejribe alyşmak babatyndaky işler giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar.

Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň direktory B.Bäşimowyň hem-de şol institutyň bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş bölüminiň müdiri S.Durdyýewiň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Şwebiş Hal şäherinde şu günlerde dowam edýän bilim we hünär kämilleşdiriş ulgamy bilen tanyşlyk saparynda bilim ulgamyndaky türkmen-german halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ýaýbaňlandyrmagyň mümkinçilikleri, däp bolan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmagyň ýollary barada duşuşyklar we söhbetdeşlikler geçirilýär.

Şeýle gepleşikleriň biri hem, Germaniýanyň Gýöte institutynyň Merkezi Aziýa sebiti boýunça direktory hanym Aneke Kleinşmit bilen geçirilen gepleşiklerdir. Şol gepleşikler türkmenistanly bilim işgärleriniň Germaniýa döwletiniň Haýlbronn şäherinde ýerleşýän söwda-senagat palatasyna amala aşyran tanyşlyk saparynyň dowamynda bolup geçdi. Gepleşikleriň barşynda türkmenistanly pedagogik işgärleriň, has takygy, ýurdumyzyň bilim edaralarynda zähmet çekýän nemes dili mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de nemes dilini okatmagyň usulyýetini kämiileşdirmek, ýaşlara nemes dilini öwretmek bilen baglanyşykly özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri we netijeli ýollary barada giňişleýin söhbet edildi. Bu möhüm ugurlarda geljekde bilelikde ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulýan işleriň many-mazmuny we görnüşleri beýan edildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlary bilen tassyklanan bilim hakyndaky Konsepsiýalarynyň, aýratyn-da «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» we «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» maksatlary we wezipeleri, bu möhüm bilim resminamasynyň durmuşa geçirilişi, bu ugurda gazanylan üstünlikler barada söhbet edildi. Şeýle hem ýurdumyzyň bilim edaralarynda, şol sanda umumy bilim berýän orta mekdeplerde hem ýaş nesle nemes diliniň öwredilişi, okuw maksatnamalarynyň yzygiderli kämilleşdirilişi, döwrebap okuw kitaplarynyň çapa taýýarlanylyşy we neşir edilişi, pedagoglaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylyşy we mugallymçylyk ussatlygynyň kämilleşdirilişi hem-de bu ugurdaky geljekki hyzmatdaşlyklar boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň edildi.

Söhbetdeşligiň soňunda Germaniýanyň Gýöte institutynyň Merkezi Aziýa sebiti boýunça direktory hanym Aneke Kleinşmite türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän, türkmen halkynyň baý geçmiş taryhyny ussatlyk bilen beýän edýän ajaýyp eseri ─ «Türkmenistan ─ Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp kitabynyň iňlis dilinde neşir edilen nusgasy bu ýurtda türkmenistanly bilim işgärleri bilen bilelikde gulluk iş saparynda bolýan Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň bilim ulgamlarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda dabaraly ýagdaýda sowgat berildi. Aneke Kleinşmit bu sowgat üçin özüniň çuňňur hoşallygyny beýan etdi hem-de bilim ulgamyndaky türkmen-german hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de giň gerim bilen ösdüriljekdigine uly ynam bildirdi.

Aneke Kleinşmit bilen geçirilen gepleşiklerden soňra, onuň gatnaşmagynda türkmenistanly bilim işgärleri Germaniýanyň Haýlbronn şäherindäki söwda-senagat palatasyna aýlanyp gördüler hem-de onuň alyp barýan işleri bilen ýakyndan tanyşdylar. Bu edara ýurduň çäginde hereket edýän dürli görnüşdäki önümçilik kärhanalarynyň iki müňden hem gowragy bilen özara jebis hyzmatdaşlygy alyp barýar. Şol kärhanalaryň iki müňe golaýy öz işçilerine dual bilim ulgamynyň esasynda dürli hünärleri öwretmek boýunça söwda-senagat palatasyna yzygiderli ýüz tutýarlar. Şunuň bilen baglylykda hem, bu ýerde her ýylda ýaşlaryň 400-den gowragy okuwa kabul edilýär hem-de önümçilik kärhanalary üçin zerur bolan işçi hünärlerini öwrenýärler. Şol okuwlaryň umumymekdep derejesine 16-17 ýaşyndaky ýigitleriň we gyzlaryň 3 ugur ─ tehniki, hünärmentçilik hem-de durmuş hyzmaty ugurlary boýunça geljekki durmuş ýoluny saýlap alyp, zerur hünärleri ele alýandyklary barada giňişleýin gürrüň berildi.

Türkmenistanly bilim işgärleri bu ýerde ýaşlara öwredilýän hünärleriň täze, has döwrebap görnüşlerini açmak hem-de olar boýunça işçi hünärmenleri taýýarlamak, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleri bilen hem tanşdyryldy. Mysal üçin, şu ýylyň awgust aýynda ýaşlaryň ilkinji gezek «Daşky gurşaw boýunça tehnolog» hünäri boýunça okuwa kabul edilendigi barada gürrüň berdiler. Türkmenistanly bilim işgärleri bolsa, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, her bir raýat üçin amatly daşky gurşawy döretmek meselesine örän uly ähmiýet berýän ýurdumyzyň bu möhüm ugurlarda alyp barýan giň gerimli işleri barada gürrüň berdiler. Dual bilim ulgamy boýunça ýaşlara «Daşky gurşaw boýunça tehnolog» hünärini öwretmek bilen baglanyşykly bu ýerde alnyp barylýan işler bilen gyzyklanyp, dürli sowallary berdiler we özara tejribe alyşdylar.

Haýlbronn şäherindäki söwda-senagat palatasynyň işçi hünärleri boýunça hünärmenleri taýýarlamak, pedagogik işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmek babatynda alyp barýan işleri bilen ýakyndan tanyşlygyň dowamynda türkmenistanly bilim işgärleri bu edaranyň ýolbaşçylaryna «Pähim-paýhas ummany Magymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallasy bilen köpçülikleýin neşir edilen Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň dördünji neşirini sowgat berdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Mary şäheri, Kemine köçesi, 33

33ул. Кемине, г. Мары
Mary, Kemine street, 33

Telefon belgiler:
(8-522) 4-66-65