DÜZME ÝAZMAK WE SURATKEŞLIK BOÝUNÇA OKUWÇYLARYŇ BÄSLEŞIKLERI
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň, merdana halkymyzyň durmuş derejesiniň barha we barha ýokarlandyrylmagynyň bilimli, tertip-düzgünli, döwrebap, ýaşaýşa ukyply, giň göz ýetimli ýaş nesliň kemala getirilmegine baglydygy göz öňünde tutulyp, bilim ulgamyna aýratyn üns berilýär. Bu ulgamyň halkara derejede mazmunynyň baýlaşmagyna gönükdirilen giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle işleriň durmuşa ornaşdyrylmagynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarpyndan alnyp barylýan işleriň netijeleri öz miwelerini berýär. Bu bilim ulgamynda halkara gatnaşyklaryň alnyp barlyşy babatda hem şeýledir.
Şu gün, ýagny 2024-nji ýylyň 14-nji noýabrynda daşary döwletleriň wekilleriniň we mekdep okuwçylarynyň Türkmenistana sapary boldy. Saparyň toparlary ak şäherimiz Aşgabada geldiler. Bu saparyň maksady Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasynyň çäklerinde, türki dünýäsiniň ýaş suratkeşleriniň hem-de 2024-nji ýylyň “Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýlip atlandyrylmagy mynasybetli, düzme ýazmak ussatlygy boýunça yglan edilen halkara bäsleşikleriniň jemini jemlemek we ýeňijileri sylaglamak dabarasydyr. Bu dabara mynasybetli, saparyň dowamlylygy 2024-nji ýylyň 14 – 17-nji noýabry aralygydyr.
Ir säherden myhmanlaryň Aşgabat şäheriniň howa menziline gelmegi bilen baglanyşykly we gözel paýtagtymyzdaky “Aşgabat” myhmanhanasyna ugratmak dabaralary milli myhmanparazlyk däbiniň ýokary nusgasynyň görkezilmegi boldy. Däp bolşy ýaly, myhmanlar howa menzilinde duz-çörek bilen, mähirli garşylandy.
Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň çäklerinde geçirilýän bäsleşikleriň ýeňijileri bolan myhmanlarymyza niýetlenilen, olaryň gözel paýtagtymyzda bolýan wagtlary üçin ýörite meýilnama laýyklykda çäreler bardyr. Olaryň mazmuny Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasyndan hem-de Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky “Türkmeniň Ak öýi” binasynda geçiriljek türki döwletleriň sungat ussatlarynyň konsertine gatnaşmakdan, şeýle hem şäherimiziň iň owadan ýerlerine guraljak gyzykly gezelençlerden ybarat bolar.