PEDAGOGLARYŇ HÜNÄR DEREJESINI ÝOKARLANDYRYŞ OKUWLARY BAŞLANDY
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygar bilen geçýän şu ýylymyzyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Milli bilim institutynda ýurdumyzyň pedagogik işgärleri üçin hünär derejesini ýokarlandyryş usuly-amaly okuwlary başlandy. Bu okuwlar Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Naberežnyýe Çelny Döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda geçirilýär.
Milli bilim institutynda russiýaly hünärmenleriň gatnaşmaklarynda geçirilýän usuly-amaly okuwyň dabaraly açylyşy boldy. Bu dabara myhmanlar we ýurdumyzyň pedagogik işgärleri bilen birlikde, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili Ý.S. Zaýsewa hem gatnaşdy we gutlag sözi bilen çykyş etdi.
Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak syýasatynyň çäginde halkara hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berilýär. Dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň abraýly bilim we ylym merkezleri, ýokary okuw mekdepleri bilen ikitaraplaýyn bähbitli bolan halkara hyzmatdaşlygy berkidilýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde ýakynda, has takygy, 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda gol çekilen möhüm resminamany ─ Türkmenistanyň Milli bilim instituty bilen Russiýa Federasiýasynyň Ýokary bilimiň döwlet býudžet bilim edarasy «Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň» arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga görkezmek bolar. Şol Ylalaşykda halkara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde pedagogik işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, hünäri kämilleşdiriş we gaýtadan hünär taýýarlygy okuwlarynda okatmak ýaly möhüm işler öz beýanyny tapdy. Ýurdumyzyň pedagogik işgärleri üçin başlanan hünär derejesini ýokarlandyryş usuly-amaly okuwlary hem şu Ylalaşygyň esasynda geçirilýär.
Ýeri gelende bellesek, hünär derejesini ýokarlandyryş usuly-amaly okuwlary aşakdaky alty ugur boýunça guraldy:
1. Başlangyç synp mugallymlaryň iş tejribesinde kiçi ýaşly mekdep okuwçylarynyň matematiki we tebigy bilimler boýunça sowatlylygyny kemala getirmäge we bahalandyrma bolan çemeleşmeler.
2. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçisiniň innowasiýa işi.
3. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda mugallymyň-defektologyň işiniň mazmuny we guralyşy.
4. Rus dili we edebiýat mugallymynyň hünär başarjaňlyklarynyň (kompetensiýalarynyň) kämilleşdirilişi.
5. Pedagog-psihologyň häzirki zamanyň wajyp meselelerini çözmek mümkinçilikleri.
6. «Ýaşaýyş-durmuş esaslary» we «Bedenterbiýe» okuw dersleriniň serişdeleri arkaly okuwçylaryň okaýyş sowatlylygyny kemala getirmegiň häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylyşy.
Hünär derejesini ýokarlandyryş usuly-amaly okuwlara ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň, ähli welaýatlaryň bilim edaralarynda, şeýle hem mugallymçylyk ugurly orta we ýokary hünär okuw mekdeplerinde ─ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynda, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher Mugallymçylyk mekdebinde, Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde, Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde, Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde zähmet çekýän pedagogik işgärler diňleýjiler hökmünde gatnaşýarlar.
Umumy dowamlylygy 72 sagada niýetlenen bu usuly-amaly okuwlarda ýurdumyzyň pedagogik işgärleri okuw dersleri boýunça sapaklary meýilleşdirmegiň we geçirmegiň häzirki zaman çemeleşmeleri, okuw-terbiýeçilik işlerinde innowasion pedagogik tehnologiýalary peýdalanmagyň usullary we usulyýet tärleri, häzirki zamanda bilim bermek işinde sanly bilim serişdelerini taýýarlamagyň we olary okuw-terbiýeçilik işlerine ornaşdyrmagyň usullary, ösüp gelýän ýaş nesilde matematiki sowatlylygy kemala getirmekde we ösdürmekde amaly taýdan ugrukmaga bolan çemeleşmeler, zehinli çagalary ýüze çykarmagyň, olary goldamagyň we dürli zehin bäsleşiklerine taýýarlamagyň ýokary netijeli usullary, rus dili we edebiýat mugallymynyň hünär başarjaňlyklarynyň (kompetensiýalarynyň) kämilleşdirilişi, we ş.m. möhüm meseleler boýunça öz hünär derejelerini ýokarlandyrmaga, bu wajyp ugurlarda halkara tejribesi bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik taparlar.
Hünär derejesini ýokarlandyryş usuly-amaly okuwlar Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 25-nji maýynda gol çeken Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» maksatlaryny we wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň pedagogik işgärlerine ýakyndan goldaw bolup hyzmat eder.
Usuly-amaly okuwlary üstünlikli tamamlan pedagogik işgärlere halkara nusgadaky şahadatnama gowşurylar.
Sapargeldi DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň
bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş
bölüminiň müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory