Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çuňňur paýhasly ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary-syýasy strategiýasy dünýäniň halkara gatnaşyklary ulgamynda parhatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça hemmetaraplaýyn tagallalaryň netijeli bolmagynda barha täsirli orna eýe bolýar. Şunuň bilen birlikde hem, halkara arenasynda ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň mundan beýläk-de kämilleşmegine we geljekki halkaraçy hünärmenleri taýýarlamaklyga uly üns berilýär.
Bu babatda, ilkinji nobatdaky çäreleriň hatarynda, halkara gatnaşyklarynda netijeli durmuşa geçirilýän bitaraplyk syýasatynyň ylmy we tejribe taýdan düýpli öwrenilmegine, bu ugurda alnyp barylýan ylmy-barlag işleriň ulgamlaýyn esaslarynyň çuňlaşdyrylmagyna, geljekki hünärmenlere bilim bermek babatynda okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň ýazylmagyna ýokary talaplar bildirilýär.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hödürlemegi esasynda ýakynda çapdan çykan we ýokary okuw mekdepleri üçin niýetlenen “Halkara gatnaşyklarynyň teoriýasy” (awtory: B.Karaýew – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy) okuw kitaby hem şeýle talaplary berjaý etmek üçin ýerine ýetirilen işleriň biri bolup durýar.
Bu okuw kitaby degişli ders boýunça tassyklanan okuw maksatnamasyna we bilim standartlaryna laýyklykda halkara gatnaşyklarynyň binýatlyk düşünjelerini, toplanan teoretiki bilimleriň logiki tertibini, ylmy taýdan öwrenilýän täze ugurlaryny beýan etmeklige gönükdirilendir. Degişlilikde, okuw kitaby halkara gatnaşyklary we diplomatiýa boýunça geljekki hünärmenleriň başarnykly, ukyply, gowy taýýarlykly bolmaklaryna we öz bilimlerini iş tejribesinde giňden ulanyp bilmeklerine bolan talaplar göz öňünde tutulyp taýýarlanyldy.
Okuw kitabynda halkara gatnaşyklarynyň teoriýasynyň binýatlyk esaslary we ugurlary, logiki, ylmy-konseptual esaslary, usulyýeti we usullary, halkara hatnaşyklaryny alyp barmagyň hukuk esaslary, halkara gatnaşyklary teoriýasynyň esasy paradigmalary, halkara gatnaşyklary teoriýasynda Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti, halkara gatnaşyklarynyň ulgamlaýyn teoriýasy we beýleki teoretiki meseleleri boýunça giňişleýin maglumatlar berilýär.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi