TÄZE BIOLOGIÝA OKUW KITABY NEŞIR EDILDI


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň uly tagallalary netijesinde ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň çuňňur we ýokary hilli bilim almaklary, okatmagyň usulyýetiniň yzygiderli kämilleşdirilmegi, döwrebap okuw kitaplarynyň işlenilip taýýarlanylmagy we neşir edilmegi babatynda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Täze, döwrebap okuw kitaplarynyň yzygiderli neşir edilmegi bagtyýar ýaş nesillerimiziň dürli okuw dersleri bilen birlikde biologiýa dersini hem has-da kämil derejede öwrenmeklerine, olaryň tebigy bilimler boýunça sowatlylygyny ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär.

Ýakynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan umumy orta bilim berýän mekdepleriň rus dilinde okadylýan 11-nji synpy üçin täze biologiýa okuw kitaby (С.Дурдыев, Л.Старакулова, Н.Базарова. Биология (общая биология). Учебник для 11 класса с русским языком обучения общеобразовательных средних школ. 152 с.) neşir edildi. Bu okuw kitaby Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylan bilim Konsepsiýalarynda, şol sanda «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda» we «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» kesgitlenen maksatlara we wezipelere laýyklykda işlenip düzüldi. Täze neşir ösüp gelýän ýaş nesle biologiýany öwretmegiň hilini ýokarlandyrmak, mazmunyny baýlaşdyrmak hem-de okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işlerinde esasy ýörelge bolup hyzmat eder. Munuň ýurdumyzyň bilim ulgamynyň doly orta bilim derejesinde biologiýany  öwretmegiň milli we dünýä innowasion tejribesiniň soňky gazananlaryna laýyklykda okadylmagyny gazanmagy nazarlaýandygyny bellemek gerek. 

Täze neşir edilen okuw kitaby girişden, 3 bölümden, 9 bapdan we 34 paragrafdan durýar. Şeýle hem, onuň ahyrynda 4 sany tejribe işleriň jikme-jik ýazgylary beýan edilen. Okuw kitabynyň möçber taýdan uly bölümleriniň biri bolan birinji bölümi ýaşaýşyň iň kiçi gurluş birligi hasaplanýan öýjüge bagyşlanyp, onda öýjügiň gurluşy we ýerine ýetirýän işleri, energiýa üpjünçiligi, nesil baradaky maglumatlar we olaryň nesilden-nesle geçiriliş baradaky döwrebap bilimler beýan edilen. 

«Organizmleriň köpelişi we ösüşi» diýen ikinji bölümde janly organizmleriň ösüşiniň we köpelişiniň esasy bolup hyzmat edýän öýjükleriň köpeliş we onuň usullary, köpelişiň biologik ähmiýeti, organizmleriň hususy ösüşi (ontogenez) we bu hadysanyň aýratynlyklary bilen baglanyşykly zerur maglumatlar öz beýanyny tapypdyr. 

Okuw kitabynyň üçünji bölümi «Genetikanyň we seleksiýanyň esaslary» diýlip atlandyrylan. Bu bölümiň düzümine 3 bap degişli bolup, olarda nesle geçijiligiň hem-de üýtgeýjiligiň esasy kanunalaýyklyklary, seleksiýa we onuň yly-barlag usullary, seleksiýanyň iň soňky gazananlary baradaky bilimler beýan edilipdir. Ýeri gelende bellesek, okuw kitabynyň bu bölüminde Türkmenistanda medeni ösümlikleriň we haýwanlaryň, şol sanda hem oba hojalyk ekinleriniň we mallaryň seleksiýasy, tohumçylygy boýunça alnyp barylýan işler, bu ugurda gazanylan üstünlikler baradaky maglumatlara-da aýratyn orun berilen. Türkmen halk seleksiýasynyň naýbaşy we iň gymmatly önümleri hasaplanýan ahalteke bedewleri, arwana düýeleri, saryja we garaköli tohumly dowarlar, türkmen alabaýy we türkmen tazysy, olary döretmek we ösdürip ýetişdirmek bilen baglanyşykly uzak döwrüň dowamynda halkymyz tarapyndan alnyp barylan seçgi-tohumçylyk işleri, bu ugurdaky işleriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda giň gerimde we ylmy esasda ösdüriliş dogrusyndaky gyzykly maglumatlar hem ýerleşdirilipdir. Bu maglumatlaryň ösüp gelýän ýaş nesillerimizi milli gymmatlyklarymyza söýgi we buýsanç ruhunda terbiýelemekdäki ornunyň we ähmiýetiniň uludygyny bellemek gerek.     

Täze okuw kitabynda ýerleşdirilen köp sanly owadan suratlar we tablisalar (olaryň umumy sany 60-a barabar) onda beýan edilenlere düşünmäge hem-de olary uzak wagtlap ýatda galyjy görnüşde çuňňur özleşdirmäge ýakyndan ýardam edýär. 

Her bir paragrafyň soňunda beýan edilen soraglar we ýumuşlar okuwçylara ol paragraflaryň mazmunyny düýpli özleşdirmäge, logiki pikir ýöretmäge we öz şahsy pikirlerini beýan etmäge, bilimleri durmuşda ulanmaga kömek eder.  

Umumy orta bilim berýän mekdepleriň XI synpy üçin biologiýa dersi boýunça täze neşir edilen bu okuw kitaby dersiň tassyklanylan okuw maksatnamasyna laýyklykda okuwçylarda zerur okuw başarnyklary we endikleri has-da ösdürmäge hem-de kämilleşdirmäge, biologiýa ylmyna bolan uly gyzyklanmany we höwesi terbiýelemekde giň mümkinçilikleri döreder.

Sapargeldi DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň
bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş 
bölüminiň müdiri, biologiýa 
ylymlarynyň doktory. 

Paýlaş

Salgymyz:

Mary şäheri, Kemine köçesi, 33

33ул. Кемине, г. Мары
Mary, Kemine street, 33

Telefon belgiler:
(8-522) 4-66-65