Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça III halkara olimpiadasynyň açylyş dabarasy
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebap kämilleşdirmek, jemgyýetimiziň geljegi bolan çuňňur ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmek babatda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda talyp ýaşlara bilim bermek, ylmy garaýyşlaryny ýokarlandyrmak, milli gymmatlyklarymyz esasynda häzirki zaman türkmen jemgyýetine mahsus şahsyýetleri kemala getirmek we olaryň hünäriniň hakyky eýesi bolmak üçin alnyp barylýan işler berkarar döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan alnyp barylýan bilim syýasatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Berkarar döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň bilim özgertmeleri esasynda bilimiň hil we mazmun taýdan täze derejelere çykýar. Bu ugurda ýurdumyzda bilim ulgamynda geçirilýän halkara ders, taslama we ylmy bäsleşikler, olimpiadalar özüniň oňyn netijesini berýär. Bu asylly däp 2024-nji - “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem halkara derejesinde geçirilýän çareleriň, olimpiadalaryň we bäsleşikleriň üstüni ýetirýär hem-de Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň halkara jemgyýetçiligindäki mynasyp ornuny has-da berkidýär.
* * *
25-nji noýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda himiýa dersi boýunça III halkara olimpiadasynyň açylyş dabarasy geçirildi.
Himiýa dersi boýunça III halkara olimpiadasyna Russiýa Federasiýasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Ýaponiýadan, Rumyniýadan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Türkiýe Respublikasyndan, Belarus Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Ermenistan Respublikasyndan, Täjigistan Respublikasyndan, Azerbaýjan Respublikasyndan, Özbegistan Respublikasyndan ýokary okuw mekdepleriniň 23-sinden we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 21-sinden talyplaryň 220-ä golaýy gatnaşýar.
Hususan-da, Russiýa Federasiýasynyň M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetinden, P.Lumumba adyndaky Russiýanyň Halklaryň dostlugy uniwersitetinden, Ural döwlet ykdysady uniwersitetinden, Nowosibirsk döwlet milli gözleg uniwersitetinden, Kazan (Wolga) federal uniwersitetinden, D.I.Mendeleýew adyndaky Russiýanyň himiko-tehnologiki uniwersitetinden, Gazagystan Respublikasynyň Halkara Astana uniwersitetinden, Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan döwlet uniwersitetinden, Täjigistan Respublikasynyň Täjik milli uniwersitetinden, Azerbaýjan Respublikasynyň Baky inženerçilik institutyndan, Belarus Respublikasynyň Belarus döwlet uniwersitetinden, Özbegistan Respublikasynyň Karşi döwlet uniwersitetinden, Buhara döwlet uniwersitetinden, Rumyniýanyň Ploieşti nebit we gaz uniwersitetinden, Eýran Yslam Respublikasynyň Bojnordaky Kosar uniwersitetinden, Azad Yslam uniwersitetinden, Maşatdaky Ferdöwsi adyndaky uniwersitetinden, Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan uniwersitetinden, Pekiniň himiki tehnologiýalar uniwersitetinden, Hytaýyň nebit uniwersitetinden, Ýaponiýanyň Saitama uniwersitetinden, Okion oba hojalyk we tehnologiýalar uniwersitetinden, Türkiýe Respublikasynyň Atatürk uniwersitetinden talyplar, magistrantlar, olara ýolbaşçylyk edýän mugallymlar we wekiller gatnaşýarlar.
Himiýa dersi boýunça III halkara olimpiadasyna we onuň çäginde geçirilýän “Himiýany okatmagyň usulyýetiniň döwrebap kämilleşdirilmegi we himiki tehnologiýalaryň häzirki zaman ösüşi” atly halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşyjylar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda bilim-ylym ulgamynda, şeýle hem himiki tehnologiýalaryň ösüşiniň üstünliklerine bagyşlanan, milli amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklarynyň sergisine aýlanyp gördüler, uniwersitetiň “Bagtyýarlyk owazlary” medeni merkeziniň dutarçylar toparynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, berkarar Watanymyzy, milli gymmatlyklarymyzy, türkmen ýaşlaryny wasp edýän aýdym-sazlaryna tomaşa etdiler.
Halkara olimpiadanyň açylyş dabarasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Russiýa Federasiýasynyň M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň, Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan uniwersitetiniň, Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan döwlet uniwersitetiniň, Täjigistan Respublikasynyň Täjik milli uniwersitetiniň, Russiýa Federasiýasynyň Ural döwlet ykdysady uniwersitetiniň professor-mugallymlary, magistrantlary, talyplary çykyş edip, Bitarap Türkmenistanda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadag we Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan Prezidenti tarapyndan sebit we dünýä döwletleri bilen parahatsöýüjilikli we ynanyşmak syýasaty esasynda ählitaraplaýyn hyzmatdaşlyklaryň alnyp barylýandygyny, dünýäniň öňdebaryjy tejribesine esaslanyp durmuşa geçirilýän bilim özgertmeler, bilim ulgamyna halkara tejribesini ornaşdyrmak, innowasion tehnologiýalar we multimedia serişdeleri arkaly bilim bermegiň hil derejesini häzirki döwrüň ösen derejelerine ýetirmegiň ähmiýetli taraplaryny belläp geçdiler. Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň giň gerimde dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasy hökmünde 2024-nji – “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 25-30-njy noýabry aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda himiýa boýunça III halkara olimpiadanyň geçirilýändigi bellenilip geçildi.
Olimpiada halkara ülňülerine laýyklykda, şahsy we toparlaýyn görnüşde A we B derejede geçirilip, oňa ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynyň professor-mugallymlary, alymlary, hünärmenleri bilen birlikde daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymary, alymlary eminlik edip, Ýaponiýanyň alymlary synçy hökmünde gatnaşýarlar.
Şeýle-de, çykyşlarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa hünäri boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin döwrebap döredilen şertler, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagyň taýsyz tagallalary bilen gurlup ulanylmaga berlen himiýa fakultetiniň okuw binasy döwrebap okuw otaglary we himiýa ylmynyň dürli ugurlaryna degişli tejribehanalar dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalary tarapyndan öndürilen enjamlar bilen üpjün edilendigi, bilim almakda, ylym öwrenmekde döwrebap şertleriň döredilmegi uniwersitetde bilim-ylym-önümçilik ulgamy boýunça ýöriteleşen hünärmenleriň taýýarlanmagynda uly ähmiýete eýedigi bellenildi.
Halkara olimpiadanyň açylyş dabarasy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Bagtyýarlyk owazlary” medeni merkeziniň aýdymçylary tarapyndan dost-doganlyk rus, hytaý, eýran, özbek, gazak, azerbaýjan, belarus, ermeni, rumyn, täjik, türk, ýapon halklarynyň aýdymlarynyň, tanslarynyň ýerine ýetirilmegi bilen dowam etdirilip, berkarar Watanymyzy wasp edýän “Türkmenistan ýurdumyz” atly aýdym we türkmen halkynyň milli küştdepdi tansy oňa gatnaşyjylarda özboluşly täsir galdyrdy. Şonuň ýaly-da, dabaranyň ahyrynda Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatda alyp barýan tutumly işlerini wasp edýän “Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilen!” atly aýdymyň ýerine ýetirilmegi baýramçylyk şowhunyny has-da artdyrdy.
Halkara olimpiadanyň açylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar himiýa dersi boýunça III halkara olimpiadasyny geçirmäge döredip berlen giň mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadaga we Türkmenistanyň hormatly Prezidentine hoşallyklaryny we alkyşlaryny beýan etdiler.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti