Türkmenistan Täze ýyly garşy alýar – ýurdumyzyň Baş arçasy yşyklaryny ýakdy
15-nji dekabrda Aşgabatdaky “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň iň beýik açrasynyň çyralary dabaraly ýagdaýda ýakyldy. Bu iň gowy görülýän gyşky baýramçylygy - Täze ýyla bagyşlanan baýramçylyk çäreleriniň başlanandygyny alamatlandyrýar. Bu ýerde dürli reňkli erteki şäherçesi peýda boldy.
Sekizburçly ýyldyz we “2025” ýazgy bilen bezelen, Baş arçanyň beýikligi 44 metre, ini bolsa 16 metre deňdir.
Meýdançada teatr toparlarynyň, ýaş artistleriniň we meşhur estrada aýdymçylarynyň gatnaşmagynda Täze ýyla bagyşlanan ajaýyp çykyşlary boldy. Tamamlanyp barýan 2024-nji ýylyň we täze, 2025-nji ýylyň nyşanlarynyň keşbini janlandyran artistler öz goşgularyny gyş gahrymanlaryna bagyşladylar.
2ce243a8-381f-45e5-aa4c-a3f284536dba.JPEG
Baýramyň esasy pursady ýurduň Baş arçasynyň yşyklaryň ýakylmagy boldy. Onuň yzyndan, baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän ýeri bolan Türkmenistanyň şäherleriniň we obalarynyň meýdançalarynda Täze ýyl arçalarynyň yşyklarda ýalkym saçdy.