ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN «PARS DILINIŇ LEKSIKOLOGIÝASY» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaş nesliň döwrüň talaplaryna laýyk bilim almagy, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, ata Watana, il-güne, merdana ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin giň möçberli işler durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni ulgamlarynda ýetilen sepgitler türkmen jemgyýetiniň umumadamzat we milli gymmatlyklary esasynda ösmegine we kämilleşmegine, ylmyň, täze tehnologiýalaryň gazananlaryny yzygider ornaşdyrmaga amatly şertler döredýär. Giň gerimli işleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda ýurdumyzda alnyp barylýan öňdengörüjilikli dil syýasatynyň hyzmaty örän uludyr. Şu maksatlar bilen kabul edilen «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» bolsa ýurdumyzyň bilim ulgamynyň her bir basgançagynda daşary ýurt dillerini okatmagyň maksatlaryny we wezipelerini bilim standartlarynyň talaplaryna we daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetini döwrebaplaşdyrmagyň häzirki zaman usuly çemeleşmelerine, şeýle hem daşary ýurt dillerini öwrenmegiň milli we daşary ýurt innowasion tejribesine laýyklykda kesgitleýän resminama bolup çykyş edýär.
Ýaňy-ýakynda ýokary okuw mekdepleri üçin «Pars diliniň leksikologiýasy» okuw kitaby (awtorlary: K.Amangeldiýewa, B.Atanyýazowa – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy) çap edildi. Bu okuw kitaby hem şol resminamanyň daşary ýurt dilini okatmak boýunça öňde goýýan wezipelerinden ugur alýar.
Pars dilini hünär dili hökmünde öwrenýän talyplar üçin niýetlenilen bu okuw kitabynda pars diliniň sözlük düzümi, onuň ösüşi, baýlaşmagy, sözleriň manysynyň üýtgemegi, giňemegi we daralmagy, aýratynlyklary, sözleriň göni we göçme manysy, bir we köpmanylygy, köpmanylylygyň ýüze çykyş ýollary, könelişen sözler, arhaizmler, täze sözler, sözleriň manysynyň durnuklaşmagy, sözleriň stil aýratynlyklary, olaryň sözlüklerde şöhlelenişi barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Onda häzirki zaman eýran dilleri we şiweleri, pars diliniň leksikasy barada umumy maglumatlar, pars dilinde alynma sözler (şol sanda arap, türki, fransuz, iňlis, rus alynma sözleri), semasiologiýa, omonimler we olaryň görnüşleri, sinonimler we olaryň görnüşleri, antonimler we olaryň görnüşleri, frazeologizmler we olaryň görnüşleri, idiomalar, gepleşik stili, pars diliniň terminologiýasy, leksikografiýa we ş.m. bilen baglanyşykly maglumatlar beýan edilýär.
Bu okuw kitaby diňe bir pars dilini hünär dili hökmünde öwrenýänler üçin däl, eýsem, bu dil bilen gyzyklanýan her bir adam üçin peýdaly bolup biler.