ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN «TÜRKMEN SAZYNYŇ TEORIÝASY. I» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI
Türkmen sazy gadymy halkymyzyň medeni mirasynyň aýrylmaz bir bölegi, şonuň üçin ol özüniň gadymy taryhy, pelsepesi, gaýtalanmajak äheňleri bilen ruhy durmuşymyzda möhüm orny eýeleýär. Seleň sähralaryň, gudratly daglaryň ajaýyp tebigaty, deňiz-derýalaryň joşguny ähli döredijilik adamlaryna, şol sanda saz düzüjilere hem tükenmejek ylham berýär, olaryň göwünlerini göterýär. Şeýlelikde, türkmen saz sungatynyň taryhynda hiç haçan könelmejek süýjiden-süýji, şirinden-şirin aýdym-saz hazynasy döreýär. Belki, hut şonuň üçindir, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: “Ylmy we bilimi, medeniýeti we milli sungaty ösdürmek – bu biziň syýasatymyzyň özenidir, geljekde hem aýratyn üns beriljek esasy ugurdyr” – diýip belleýär.
Ýaňy-ýakynda ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary üçin «Türkmen sazynyň teoriýasy. I» okuw kitaby (awtorlary: Ý.Osipowa, R.Muhammedow – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy) neşir edildi.
Okuw kitaby iki bölümden ybarat bolup, onuň I bölüminde etnosazşynaslyk ylmy barada maglumatlar beýan edilýär. Şeýle hem Gündogar alymlary al-Faraby, Ibn Sina, aş-Şirazy, Muhammet Amuly, Abdyrahman Jamy ýaly birnäçe akyldarlaryň ylmy garaýyşlary getirilýär.
Kitabyň II bölüminde bolsa Türkmenistanda XX – XXI asyrlarda aýdym-saz ylmynyň ösüşi, türkmen folklory, professional halk aýdym-saz sungatyny öwrenijiler barada maglumatlar berilýär. Bu bölümde ýurdumyzyň döwrebap saz folklorçylygynyň kemala geliş döwri we ösüşi yzygiderli öwrenilýär, şeýle hem öwrenilýän ýagdaýyň esasy üç döwri şöhlelendirilýär.
Birinji döwri – XX asyryň 20–60-njy ýyllary, ikinji döwri – saz folklorçylygynyň ösüşini şöhlelendirýän we esasy görnüşde professional tankydy manynyň güýçlenmegini häsiýetlendirýän, ýagny XX asyryň 70–80-nji ýyllary, üçünji döwri – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllary – türkmen halk sazynyň işjeň öwreniliş döwri we onuň özboluşly aýratynlyklaryny ýüze çykarmak bilen baglanyşyklydyr.
Bu okuw kitaby ýokary okuw mekdepleriniň türkmen sazynyň taryhy we nazaryýeti hünärinden bilim alýan talyplarynyň hünär dersi üçin niýetlenilen. Şeýle okuw kitaby aýdym-saz ojagynda okaýan talyp ýaşlara, saz öwrenijilere, okyjylara we mugallymlara gymmatly, bahasyna ýetip bolmajak ylmy çeşme hasaplanylýar.