Futzal boýunça ýurdumyzyň zenanlar ýygyndysy Aziýa Kubogynyň saýlama ýaryşlarynda çykyş eder


Türkmenistanyň futzal boýunça zenanlar ýygyndysy 2025-nji ýylyň Aziýa Kubogynyň saýlama ýaryşlaryna gatnaşmak üçin Özbegistana ugrady.

Türkmenistanyň futzal boýunça tälimçiler ştaby saýlama ýaryşlaryna gatnaşmak üçin 14 sany oýunçyny çagyrdy.

Ýygyndynyň garşydaşlary Kuala-Lumpurda Aziýa futbol konfederasiýasynyň ştab-kwartirasynda geçirilen bije çekişigiň netijesinde belli boldy. Türkmen topary “C” toparçasyna düşüp, Özbegistanyň, Awstraliýanyň, Filippinleriň we Kuweýtiň toparlaryna garşy ýaryşar.

Saýlama ýaryşlar 2025-nji ýylyň 11-19-njy ýanwary aralygynda geçiriler. Her toparçadan iki sany iň gowy topar hem-de üçünji ýere mynasyp bolanlaryň arasynda iň gowy netije görkezen topar ýaryşyň jemleýji final tapgyryna çykar.

Paýlaş

Salgymyz:

Mary şäheri, Kemine köçesi, 33

33ул. Кемине, г. Мары
Mary, Kemine street, 33

Telefon belgiler:
(8-522) 4-66-65