Döwrebap terbiýäniň möhüm ugry


Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda terbiýäniň on iki görnüşi barada durup geçmek bilen, şolaryň biriniň hem ekologiýa, tebigata söýgi terbiýesi bolup durýandygyny belleýär. Ýaşlarda ekologiýa medeniýetini terbiýelemek wajypdyr. Çünki her bir ýaş nesil tebigata öz öýi ýaly garap, serenjam berse, hormat goýsa, «ýaşyl» ykdysadyýete goşant bolar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde bu babatda sapak geçilip, ekologiýa medeniýetini ösdürmekde uly işler alnyp barylýar.

Ylmy-tehniki ösüşiň netijesinde, tebigaty goramak, onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak ýörelgesiniň talaplary hem yzygiderli artýar. Şol sebäpden-de, tebigaty goramak, ekologik medeniýeti berjaý etmek wezipelerini durmuşa geçirmekde ýaş nesliň uly orny bolup, bu ugurda bilim ulgamy aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki bu ulgam ýaş nesilleri terbiýelemekde, watansöýüji, ahlak taýdan arassa, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýýan, bilimli, ylymly şahsyýetleri kemala getirmekde esasy güýç bolup durýar.

Milli Liderimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Häzirki zamanyň ekologiýa ylmyny baýlaşdyrýan çeşmeler halk paýhasynda hem ykrar edilendir. Ösümlik we haýwanat dünýäsi baradaky hekaýatlardyr rowaýatlar durmuşyň inçelik bilen akyl ýetirilen göwherleridir. Şonuň üçin milli terbiýeçilik ulgamymyzda tebigaty söýmegiň, ýere, suwa aýawly çemeleşmegiň ähmiýeti uludyr» diýip belleýär. Dogrudan-da, halk döredijiligimizde-de, edebi mirasymyzda-da tebigata bolan söýgi, türkmen tebigatynyň ajaýyplyklary beýan edilýär. Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde türkmen tebigatynyň täsinlikleri, dag-derelerimiziň, bulaklarymyzyň, çeşme-çaýlarymyzyň, derýalarymyzyň gözellikleri milli terbiýe bilen utgaşdyrylyp, inçelik bilen suratlandyrylýar. Şahyr «Gürgeniň» atly goşgusynda:

Öňünde belent dag, serinde duman,

Deňizden öwüser ýeli Gürgeniň. —

diýip, türkmen topragynyň täsin tebigatyny suratlandyrsa,

Tokaýlary bardyr gargy-gamyşly,

Gözelleri bardyr altyn kümüşli. —

diýip, türkmen gözelleriniň keşbi bilen birlikde, tebigatymyzyň gyrymsy tokaýlyklaryny beýan edýär.

Ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek çäresi hem ekologiýa medeniýetini kemala getirmegiň ähmiýetli ýoludyr. Munuň özi milli ýörelgelerimiziň döwrebap derejede ösdürilýändigini görkezýär. Halkymyz ösdürilip ýetişdirilýän bag nahallaryna guwanyp, ony eken adamlary ýagşylykda ýatlaýar. Özüniň şöhratly taryhyna buýsanýan halkymyzyň owal-ahyr aňyna-ganyna siňen mukaddes ýörelgesi bolan ýoldur köpri guran, bag ekip ýetişdiren ýa-da jemagatyň haýyrlanýan haýsydyr bir desgasyny bina eden adamlary hemişe ýagşylykda ýatlaýar, olaryň atlary nesilleriň hakydasynda ebedilik orun alýar. Şeýle sogaply iş hakynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdinazar Hudaýnazarowyň döredijiligini bezeýän şu ajaýyp setirler çuň many-mazmuna eýe:

Bu tylla topraga nahal oturdyň!

Ýer-ýurt juwanlansyn, saýa goýalsyn.

Daňyň nury çaýylanda jahana,

Bizi mydam saýrak guşlar oýarsyn.

Ýaşlaryň Watanymyzyň tebigaty, ösümlik we haýwanat dünýäsi barada ýeterlik düşünjeli bolmagy ugrunda alada etmegimiz her birimiz üçin wajypdyr. Ekologiýa bilimi we terbiýe bilen baglanyşykly meselede juda jogapkärçilikli bolmalydyrys. Ýurdumyzyň ösümlik hem haýwanat dünýäsini gorap saklamak endiklerini ýaş nesilleriň aňynda döretmek, ösdürmek, olara miras goýmak üçin ata-babalarymyz uly alada edipdirler.

Nesilleriň ekologiýa medeniýetiniň mizemezligi, ynsanperwer garaýyşlaryň durnuklylygy pederlerimiziň paýhas eleginden geçen atalar sözlerinde, nakyllarynda giňden orun alypdyr. Pederlerimiz «Gülüni iýen müň gün iýer, köküni iýen bir gün iýer» diýen ýaly jümleleriň üsti bilen tebigata hoşniýetli garamalydygyny ündäpdir.

Häzirki wagtda ekologiýa biliminiň ýurdumyzyň okuw mekdepleriniň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýandygyny bellemelidiris. Daşky gurşawy aýawly saklamak, tebigaty goramak, ýaşlaryň arasynda ene topragyň ezizligini, mukaddesligini giňden wagyz etmek maksady bilen, ýurdumyzda eko-festiwallar, wagyz-nesihat çäreleri, bag ekmek dabaralary yzygiderli geçirilýär. Şeýle çäreleriň hatarynda daşky gurşawy arassa saklamak, tebigaty goramak mowzuklarynda birnäçe suratlardyr wideo şekillerini internetiň üsti bilen giň köpçülige ýetirmek maksadalaýykdyr. Döwrüň täze garaýyşlar, innowasion tehnologiýalar arkaly çalt depginde ösýän zamanasynda ýurdumyzda hem sanly ulgama ussatlyk bilen erk edip bilýän ýaşlaryň hatary barha artýar. Olaryň ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmekde sanly ulgama erk etmek endikleriniň ähmiýeti juda uludyr. Sanly ulgam arkaly tebigata gözegçilik etmek, tokaýlaryň koordinatlaryny bellemek, olary GPS ulgamyna birikdirmek işleri döwrebap tehnikalar we kompýuterler arkaly emeli hemralaryň üsti bilen amala aşyrylýar. Şeýle ýagdaýda tebigat üçin islendik wagtda gözleýän maglumatlarymyzy tapyp bilýäris.

Sanly ulgam arkaly tebigatyň dürli künjeklerine gözegçiligi amala aşyrmak işi täze tehnologiýalar we innowasion enjamlar bilen bir hatarda, häzirki zaman bilimi bolan hünärmenleri hem talap edýär. Häzirki wagtda bu babatda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde tokaýçy hünärmenler taýýarlanylýar. Döwrebap tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň möçber we hil taýdan ilerlemegine giň mümkinçilikleri döredýär.

Gülzar AŞYROWA,

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we

demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.

Paýlaş

Salgymyz:

Mary şäheri, Kemine köçesi, 33

33ул. Кемине, г. Мары
Mary, Kemine street, 33

Telefon belgiler:
(8-522) 4-66-65